Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 05.09.2015

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

374893
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 05.09.2015

“Haber Türk” gazeti: “Halkara Pul gaznasynyň başlygy Lagard: Ol suratlar adamkärçiligimizi ýitirendigimizi görkezýän suratlar” söz başyly habarynda, B20 Türkiýe maslahatynda Bodrumyň kenarýakasynda tapylan 3 ýaşly Aýlan Kurdiniň jesediniň suraty barada durp geçilendigini mälim edýär. Gazet Halkara Pul gazansynyň başlygy Lagardyň: “Kenarda tapylan çaganyň suraty belkem biziň adamkärçiligimizi ýitirendigimizi görkezýär” diýendigini, Türkiýäniň Premýer ministri Ahmet Dawutogly bolsa: “Bu adamzat wyždanynda kyýamatdyr” diýendigini nygtaýar.

“Star” gazeti: “Parahatçylyga ýetmegiň iň gowy ýoly biri-birine bagly ykdysadyýetdir” söz başyly habarynda, B20 maslahatynda çykyş eden Premýer ministr Ahmet Dawutoglynyň: “Ykdysadyýet parahatçylyk üçin iň gowy ýoldyr. Emma ykdysady çökgünlik hem syýasy we adamzat krizisi üçin iň uly sebäpdir. Şonuň üçin bilelikde hereket etmeli” diýendigini belleýär.

“Ýeni Şafak” gazeti: “Hünärmenler El Ninoly ýyllaryň boljakdygy barada habardar etdiler” söz başyly habarynda, soňky 50 ýylyň iň uly global atmosfera wakasy bolan El Nino barada habardar eden Stambul Tehniki uniwersitetiniň mugallymy Orhan Şen El Ninoly ýyllarda howanyň aşa yssy, sil apatlarynyň köp, tupan, gurakçylyk ýaly tebigy hadysalaryň boljakdygyny aýdandygyny nygtaýar.

“Watan” gazeti: “Türk lukman Britaniýada ýylyň iň gowy kitabyny ýazdy” söz başyly habarynda, 3-si türk 1 ABŞ-ly jemi 4 lukman tarapyndan taýarlanan “Täze ýokanç keseller: Kliniki ylmy-barlaglar” atly kitap Britaniýanyň Lukmanlar bileleşigi tarapyndan berilýän Ýylyň iň gowy Lukmançylyk kitaby sylagyna laýyk görülendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Milliýet” gazeti: “Ärtogrulyň direlişi filmi ÝB ýolunda” söz başyly habarynda, Ýewropanyň Ýaýlymlar bileleşigi tarapyndan 13-14-nji sentýabr aralygynda Germaniýanyň paýtagty Berlinde geçiriljek Dňredejilik sergisine Tüerkiýeden TRT-niň Ärtogrulyň direlişi teleseriýalynyň gatnaşjakdygyny we filmiň öňümizdäki aýlarda Ýewropanyň tanymal kanallarynda görkezilmäge başlanjakdygyny mälim edýär.

“Milliýet” gazeti: “Milli komandanyň agzalarynyň tansy başlaýar” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Milli Basketbol komandasynyň 12 agzasynyň şu gün başlajak 39-nji Ýewropa Basketbol çempionatynda Berlindäki toparara bäsleşiklerde Islandiýanyň, Germaniýanyň, Ispaniýanyň, Serbiýanyň we Italiýanyň milli komandalary bilen ýaryşjakdygyny habar berýär. Gazet Türkiýäniň Milli basketbol komandasynyň şu gün Italiýa bilen bäsleşjekdigini, bäsleşigiň Türkiýäniň wagty bilen 22:00-da başlajakdygyny belleýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar