Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 30.08.2015

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

341426
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 30.08.2015

“Ýeni Şafak” gazeti: “Şu ýyl ösüş 4 göterim bolar” söz başyly habarynda, Ykysadyýetden jogapkär ministr Jewdet Ýylmazyň Türkiýäniň ösüşiniň öňümizdäki aýlarda barha artjakdygyny aýdandygyny mälim edýär. Gazet halkara töwerekleriň Türkiýäniň hökümetine garşy bilkastlaýyn gowşatmak we dargatmak syýasatyny alyp barýandygyny nygtan Ministr Ýylmazyň Türkiýäniň ykdysadyýet, syýasat we demokratik taýdan howpsyz ýurtdygyny belländigini nygtaýar.

“Milliýet” gazeti: “Türkiýäniň dünýä 75 mirasy” söz başyly habarynda, Türkiýäniň ÝUNESKO-nyň Bütündünýa medeni mirasynyň sanawynda 15 medeni we tebigy baýlygynyň bardygyny, 60 eseriniň bolsa wagtlaýyn sanawdadygyny habar berýär. Gazet Türkiýäniň iň möhüm medeni miraslary bolan Selimiýe metjidi, Nemrut dagy, Diwrigi uly metjidi we Gadymy Efes şäheri ýaly 75 medeni baýlygynyň sanawynyň we suratlarynyň sentýabr aýynda “Türkiýäniň ajaýyplyklary” atly kitap bilen çapdan çykjakdygyna ünsi çekýär.

“Haber Türk” gazeti: “Tohma kanýony şypa merkezi” söz başyly habarynda, Malatýa welaýatynyň Darende etrabynyň Tohma kanýonynda Kudret howuzynyň bardygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Kudret howuzynda ýylyň 4 paslynda ýyly we şypaly suwuň 22 gradus bolýandygyny, suwuň bolsa deri kesellerine we guragyra peýdasynyň bardygyny ýazýar.

“Sabah” gazeti: “Türkiýedäki ýel turbinasy Ýewropa tarapyndan gowy görüldi” söz başyly habarynda, Stambulyň Adalat köşgüniň üçegine elektrik toguny almak maksady bilen goýulan ýel turbinany guran kärhananyň ýolbaşçylarynyň Parižde geçiriljek tehnologiýa maslahatyna çagyrylandygyny belleýär. Habarda maslahatda taslamanyň tanyşdyryljakdygy nygtalýar. Gazet maslahata Airbus we IBM ýaly dünýäniň tanymal 28 kärhanasynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşjakdygyna ünsi çekýär.

“Star” gazeti: “Italiýan bezegçi türk zenanlary öwdi” söz başyly habarynda, Şeron Stone, Naomi Kebmel ýaly tanymal adamalaryň egin-eşiklerini taýarlap berýän italiýan bezegçi Gai Mattiolonyň türk zenanlaryna: “Namysjaň, mynasyp we owadan seredişli zenanlar” diýendigini mälim edýär. Gazet italiýan bezegçi Mattiolanyň Stambul şäherinde 2016 güýz we gyş kolleksiýasyny tanyşdyrjakdygyny, Türkiýä gelmeginiň esasy sebäbiniň bolsa türk zenanlardygyny aýdandygyny habar berýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar