Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 18.08.2015

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary baradaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

332504
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 18.08.2015

“Haber Türk” gazeti: “Baý syýahatçylardan salgyt alman özümize çekeris” söz başyly habarynda, Ykdysadyýet ministri Nihat Zeýbekjiniň Çeşme, Bodrum, Didim, Marmaris we Antalýanyň günbatarynda baý syýahatçylary özlerine çekmek üçin içinde myhmanhanalar, şüweleň ýerleri we söwda merkezleri bolan salgyt alynmaýan erkin syýahatçylyk zolaklarynyň guruljakdygyny aýdandygyny belleýär. Habarda erkin syýahatçylyk zolaklarynda dynç alamak üçin daşary ýurtlylaryň erkin ýagdaýda gelip biljekdikleri, türk raýatlarynyň bolsa pasaport bilen gelip biljekdikleri nygtalýar.

“Watan” gazeti: “Uçdy uçdy THÝ uçdy” söz başyly habarynda, nebitiň 50 dollar bolandygyna garamazdan talabyň köp bolmagy sebäpli THÝ garaşylanyň tersine petekleriň bahalaryny arzanlatmadygyny mälim edýär. Gazet THÝ-nyň şu ýylyň ilkinji 6 aýyndaky girdejisi 66 göterim artyp, 661 million lira ýetendigine ünsi çekýär.

“Ýeni Şafak” gazeti: “Goranmak senagatynyň sargyt depderi doldy” söz başyly habarynda, Goranmak senagatynda ýetilen sepgitler, pudaga bolan talaplarada öz täsirini ýetirendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet pudagyň 2014-nji ýylda 11 milliard dollar möçberinde sargyt alandygyny ýazýar. Habarda pudagyň pul dolanşygynyň 5 milliard 101 million dollara ýetenini nazara alanyňda 2 ýyllyk işini sargyt alandygy nygtalýar.

“Milliýet” gazeti: “TAV kärhanasy Filippinleridäki 5 howa menzilini dolandyrmak üçin ýüz tutdy” söz başyly habarynda, TAV howa menzilleri Holdinginiň düzümindäki konsorsiumyň Filippinlerdäki 5 sebitleýin howa menziliniň dolanşyk we abatlaýyş işleri ýerine ýetirmek üçin geçirilýän deslapky saýlawlara gatnaşmak üçin ýüz tutandygyny habar berýär.

“Hürriýet” gazeti: “5 müň ýyllyk taryh ýagtyldylar” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Denizli welaýatynyň Çiwril etrabynda ýerleşýän Beýjesultan gorganynda Egeý uniwersitetiniň Arheologiýa bölüminiň mugallymy Prof. Dr. Eşref Abaýyň ýolbaşçylygynda dowam etdirilýän gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde 5 müň ýyllyk ýaşaýyş ýeri, skletler we gaplaryň ýüze çykarylandygyny mälim edýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar