Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 16.08.2015

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary baradaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

329662
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 16.08.2015

“Haber Türk” gazeti: “Türkiýe bolmadyk bolsa şol nebiti satyp bilmezdiler” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Energetika we tebigy serişdeler ministri Taner Ýyldyzyň Yragyň Kürt Awtonomiýasyndan gelen metbugat işgärleriniň Türkiýe-Yrak gatnaşyklary bilen baglanşykly beren soraglaryna jogap berendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Energetika we tebigy serişdeler ministri Taner Ýyldyzyň: “Demirgazyk Yrak nebitini dünýä bazaryna ýetirmek üçin Türkiýä bagly. Türkiýe bolmasa şol iş bolmazdy. Bagdat şol işe rugsat bermedi. Şol işiň öňüni açan Türkiýedir” diýendigine ünsi çekýär.

“Star” gazeti: “Eýranyň kärhanalary Türkiýede maýa goýmak boýunça beriljek derslere gatnaşar” söz başyly habarynda, türk kärhanalarynyň Eýranda maýa goýmagy meýilleşdirýärkä, eýranly işewür adamlaryň hem Türkiýe üçin hatara durandygyny mälim edýär. Habarda eýranly işewür adamlara Türkiýede maýa goýum babatynda dersler beriljekdigi nygtalýar. Gazet Eýrandaky ýeke-täk daşary ýurt auditor kärhanasy bolan Gündelik garaşsyz auditor konsultatiw we ÝMM-niň we Eýranyň Industrial Management Institute kärhanasynyň arasynda ylalaşyga gol çekişendiklerini belleýär. Gazet Tähranda 8-9-njy oktýabr aralygynda geçiriljek maslahata eýýäm şu wagtdan talabyň köpdügini ýazýar.

“Watan” gazeti: “Tunelde soňky 75 metr” söz başyly habarynda, Ýewraziýa tuneli tasalamasynda taryhy güniň barha golaýlaşyp gelýändigini habar berýär. Gazet Transport, deňizçilik işler we kommunikasiýalar ministri Feridun Bilginiň TBM diýip atlandyrylýan tunel gazýan enjamyň kömegi bilen 2014-nji ýylyň 19-njy aprelinde deňiziň aşagyndan gazylmaga başlanan tuneliň şu aýyň ahyryna çenli tamamlanjakdygyny aýdandygyny nygtaýar. Gazet taslama üçin ýörite öndürilen enjamyň kömegi bilen Bosfor bogazynyň aşagynda 3344 inedördül km ýeri gazyp Aziýanyň we Ýewropanyň düýbini biri-biri bilen birleşdirjekdigini nygtaýar.

“Ýeni Şafak” gazeti: “Rize-Artwin howa menziliniň buraw işleri tamamlandy” söz başyly habarynda, Garadeňiziň gündogaryny bütin dünýä bilen birleşdirjek we Türkiýäniň deňiziň üstünde gurulan ilkinji howa menzili bolan Ordu-Giresun howa menzilinden soň, Ýewropanyň deňiziň üstü doldurylyp guruljak ikinji howa menzili bolan Rize-Artwin howa menziliniň gurluşygynyň buraw işleriniň tamamlanandygyny nygtaýar. Gazet Geologiýa inženeri Tamer Ýarymyň metbugat işgärlerine beren baýanatynda: “Pazar etrabynyň Ýeşilköý obasy bilen Kiz Kulesi diýilen ýeriň arasyndaky 4,5 km uzynlygyndaky Rize-Artwin howa menziliniň ýeriniň deňiz burawy we Geotehniki hasabat taýarlygy bilen Gidrografiki we Okeanografiki işleri üçin buraw işleri dowam edýär” diýendigini belleýär.

“Sabah” gazeti: “G20-den Belege 40 million ýewro” söz başyly habarynda, dünýä liderlerini Antalýada jemlejek G20 ýokary derejeli masalahatynyň taýarlyklarynyň giň-gerimli alynyp barylýandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Habarda 15-16-njy noýabr aralygynda Belekde geçiriljek maslahata 15 müň adamyň gatnaşmagyna garaşylýandygy, şol sebäpli 17 myhmanhananyň taýarlanýandygy we akkreditasiýanyň 17-nji sentýabrda başlaýandygy ýazylýar. Gazet sebitiň 87 kamera bilen gözegçilik ediljekdigini, 7 ýere ulaglaryň nomerlerini tanajak enjamyň oturdyljakdygyny, maslahatyň “Regnum Karýa” myhmanhanasynda geçiriljekdigini we 15 müň adamyň gatnaşjak ýokary derejeli masalahatdan soň 40 million ýewro beriljekdigini mälim edýär.

“Sabah” gazeti: “Nohut satýan Horhor aga Londonda” söz başyly habarynda, ilkinji gezek 1875-nji ýylda Osmanly operasynda sahnalaşdyrylan “Nohut satýan Horhor aga” spektaklynyň ilkinji gezek Britaniýanyň paýtgaty Londonda iňlis dilinde sahnalaşdyryljakdygyny habar berýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar