Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 08.08.2015

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary baradaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

318667
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 08.08.2015



“Haber Türk” gazeti “Türkiýäniň öňündäki 4 senari” söz başyly habarynda Premýer ministr Ahmet Dawutoglynyň Prezident R. T. Erdogandan hökümeti guramak jogapkärçiligini almagyndan soň 30 günlük möhlediň tamamlanandygyny ýazýar.
Gazet kanuna görä hökümetiň 15 günüň dowamynda gurulmalydygyny nygtaýar.
Gazet koalisiýa gepleşikleriniň 30 günde tamamlanyp bilinmändigi sebäpli beýleki senarileriň gün tertibine getirilmäge başlanandygyny habar berýär.
Gazet Adalat we ösüş partiýasyny öz içine alýan senarileriň arasynda koalisiýa, azlyk ýada häzirki hökümet, saýlaw hökümeti we möhletinden irki saýlawyň geçirilmegi ýaly senarileriň bardygyny ýatladýar.

“Star” gazeti “Türk banklarynyň ugry Demirgazyk Yraga gönükdi” söz başyly habarynda daşary ýurtlarda hem ýakyndan tanalýan türk bankçylyk pudagynyň ugrynyň goňşy ýurtlara gönügendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
Gazet Balkanlaryň başda durmagynda Orta Aziýa ýurtlarynda we Eýranda iş alyp barýan türk banklarynyň Yrak bilen hem ýakyndan gyzyklanýandygyny belleýär.
Gazet Halk bank we Ziraat bank ýaly käbir banklaryň Demirgazyk Yrakda şahamça açmagy metillleşdirýändigini ýatladýar.
Gazet Yragyň demirgazygynda ýerleşýän Erbil şäherinde iş alyp barýan Wakyfbankyň başga welaýatlarda hem şahamça açmak isleýändigini nygtaýar.

“Watan” gazeti “Soňky tapgyr” söz başyly habarynda Demirgazyk Kipr Türk Respublikasyny 50 ýyl suw bilen üpjün etjek taslamada soňky tapgyra ýetilendigini habar berýär.
Gazet Mersindäki Alaköpri bendindäki suwy DKTR-na ýetirjek “Asyryň taslamasy” hökmünde häsiýetlendirlen taslamanyň 80 kilometrlik deňizden geçýän bölüminiň soňky turbanyň goýulmagy bilen tamamlanandygyny belleýär.
Gazet 75 million kub metrlik suwyň 107 kilometrlik turbalar bilen Kipra akdyryljakdygyny nygtaýar.

“Milliýet” gazeti uly guramaçylyklara hemaýatkärlik edýän Türk Howa Ýollarynyň hassalygy sebäpli görüp bilmejek ýagdaýa gelen ABŞ-nyň Ohio ştatynda ýaşaýan 5 ýaşyndaky Elizabet Lizzi bilen maşgalasynyň Rime syýahat etmekleri üçin uçar biletlerini almagy teklip edendigini ýazýar.

“Star” gazeti “Ortaýerdeňizli we biri-birimizi duýup bilýäris” söz başyly habarynda dünýä derejesinde ýakyndan tanalýan jaz sungat ussady Buikanyň Türkiýä geljekdigini mälim edýär.
Gazet sungat ussady Buikanyň 12-nji awgustda Çanakgalada, 18-nji awgustda hem Bodrumda konsert programmasy bilen çykyş etjekdigini nygtaýar.
Gazet İspaniýaly aýdymçynyň Türkiýede ýakyndan tanalmagynyň sebäbini “Biz Ortaýerdeňizli we biri-birimizi duýup bilýäris” diýip düşündirendigini ýazýar.

“Ýeni Şafak” fazeti FİFA 16 futbol bäsleşikleriniň tekstleriniň türk janköýerleri üçin ilkinji gezek türk diline terjime ediljekdigini habar berýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar