Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 04.08.2015

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan uğurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

314396
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 04.08.2015

Ýeni Şafak” gazeti: “Aziýadan goýulýan maýalar artdy” söz başyly habarynda, Aziýadaky kärhanalaryň Türkiýedäki goýýan maýalarynyň barha artýandygyny mälim edýär. Gazet Ýewropadan goýulan maýalaryň şu ýylyň ilkinji 5 aýynda 47,7 göterim azalandygyny, Aziýadan goýulan maýalaryň bolsa 115 göterim artandygyny nygtaýar.

Haber Türk” gazeti: “Ilkinji oturtma 5 ýaşly çaga ýerine ýetirildi, ikinji oturtma Türkiýäni Bütindünýä ligasyna girizer” söz başyly habarynda, TÜRKÖK Süňk ýülügi taslamasyndan netije alynmaga başlanandygyny habar berýär. Gazet 50 müň meýletin adamdan alynan gan nusgalarynyň 34 müňi işlenip ulgama girizilendigini we 13 leýkemiýa hassasyna deň gelýän süňk ýülüginiň tapylandygyny belleýär. Gazet ilkinji oturtmanyň 5 ýaşly çaga edilendigine, 4 hassa bolsa şu aýyň ahyryna çenli oturtma ediljekdigine ünsi çekýär. Habarda Türkiýäniň ikinji oturtma ýerine ýetirilenden soň, Bütindünýä Süňk ýülügi assosiasiýasyna agza boljakdygy ýazylýar. Gazet şeýlelik bilen Türkiýedäki bir adamyň meýletin ýagdaýda ABŞ, Gemaniýa, Ýaponiýa ýaly ençeme ýurtdaky hassalara süňk ýülügini berip biljekdigini nygtaýar.

Sabah” gazeti: “Daşary ýurda programma üpjünçiligini satýar” söz başyly habarynda, 14 ýyl ozal Stambulda 3 ýaş inženeriň guran “Cardtek” kärhanasynyň häzirki wagtda tehnologiýa taýdan ösen ýurtlara programma üpjünçiligini satýandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Habarda “Cardtekiň” esasy maksadynyň “NASDAQ-yň” sanawyna girmekdigi bellenýär.

Watan” gazeti: “24 million ýolagçy Stambuldan geçdi” söz başyly habarynda, Türkiýäniň howa menzilleri tarapyndan berilen maglumatlara görä şu ýylyň ýanwar-iýun aýlary aralygynda Stambulyň iki uly howa menzillerinden gelen we geçen ýolagçy sany 2014-nji ýyla garanyňda 8,3 göterim artyp, 23 million 811 müň adama barabar bolandygyny habar berýär. Gazet 23,8 million ýolagçynyň 19 million 508 müňüniň Atatürk howa menzilinden uçandygyny ýazýar.

Star” gazeti: “Türkiýe musulman ýurtlarynyň arasynda Halal syýahatçylygy boýunça ilkinji orunda” söz başyly habarynda, Türkiýäniň “Halal syýahatçylygy” boýunça Yslam Hyzmatdaşlyk guramasyna agza ýurtlaryň arasynda Malaýziýa bilen birlikde ilkinji orundadygyny mälim edýär.

Hürriýet” gazeti: “Hindistanly millarderiň we maşgalasynyň Bodrumadaky dynç alyşy tamamlandy” söz başyly habarynda, Formula 1-iň ’Sahara Force İndia’ toparynyň eýesi 61 ýaşly hindistanly milliarder şazada Wijaý Mallaýanyň 3 çagasy we aýaly bilen lýuks ýahtada Bodrumdaky 6 günlük dynç alyşy tamamlanandygyny nygtaýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar