Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 23.07.2015

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

346910
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 23.07.2015

Ýeni Şafak” gazeti: “Maastriht ölçegleri boýunça Ýewropany geçdik” söz başyly habarynda, bir wagtlar ýurduň ÝB-ne agza bolup bilmek üçin ykdysady şert hökmünde görkezilen Maastriht ölçegleri boýunça Türkiýäniň ÝB-ne agza ýurtlardan geçendigini habar berýär.

Haber Türk” gazeti: “Türkiýäniň awtomobil satuwy 45 göterim artyp Ýewropada 6 oruna mynasyp boldy” söz başyly habarynda, Awtomobil Distribýutor jemgyýetiniň beýan eden hasabatyna görä ÝB-ne agza 28 ýurduň we Ýewropanyň Erkin söwda bileleşigine agza ýurtlaryň jemlerine görä Türkiýede Awtomobil satuwy 2015-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlary aralygynda 2014-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, 8,2 göterim artyp, 7 414 958 sany ulaga barabar bolandygyny mälim edýär. Gazet Türkiýäniň awtomobil satuwy 2015-nji ýylyň ilkinji 6 aýynda 45,21 göterim artyp, awtomobil satuwy boýunça Ýewropa 6-njy oruna geçendigini belleýär.

Sabah” gazeti: “Logistika pudagyna 2 hoş habar” söz başyly habarynda, goýulan embargolaryň bes edilmeginden soň Eýranadan hereketlilige garaşýan Türkiýäniň Logistika pudagynyň Ýewropa bilen bolýan kwota düşünişmezçiliginde-de wajyp ylalaşyga gol çekişendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet “Kwotanyň ikitaraplaýyn söwdany 3,5 milliard dollar möçberinde azaldýar” diýen Ýewropanyň erkin söwda üçin ylalaşmaga taýardygyny aýdandygyna ünsi çekýär.

Star” gazeti: “Stambulyň Biržasyna saýlawlardan soň daşary ýurtly 2 maýadar hyzmatdaşlyk teklip etdi” söz başyly habarynda, Stambulyň Biržasynyň başlygy Tunjaý Dinçiň saýlawlardan soň, daşary ýurtly 1 maýadaryň Birža Stambul bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin ylalaşmak isleýändigini aýdandygyny, ol teklipden soň Amerikadan hem başga bir teklibiň gelendigini aýdandygyny nygtaýar.

Hürriýet” gazeti: “Rönesans gollandiýaly kärhananyň bir bölegini satyn aldy” söz başyly habarynda, Rönesans gurluşyk kärhanasynyň gollandiýaly gurluşyk kärhanasy Ballast Nedam NV-niň 19,9 göterimlik gymmat bahaly kagyzlaryny 6 million ýewro satyn alandygyny habar berýär. Gazet gollandiýaly kärhananyň iň uly paýdarynyň Rönesans bolandygyny we kärhananyň ýolbaşçylarynyň gymmat bahaly kagyzlarynyň beýleki bölekleriniň satmagy pikir edýändiklerini mälim edýär. Habarda gollandiýaly gurluşyk kärhanasy Ballast Nedam NV-niň galan beýleki gymmat bahaly kagyzlarynyň satuwyna 2015-nji ýylyň oktýabr aýynda başlajakdygy we ýolbaşçylaryň kärhanany dolulygyna satmak üçin kesen bahasynyň 30 million ýewrodygyny ýazýar.

Milliýet” gazeti: “Ýaş telekeçileriň ýokary derejeli maslahaty Stambulda geçiriler” söz başyly habarynda, ýokary derjeli maslahatyň Türkiýe ýaş işewür adamlar jemgyýetiniň ýolbaşçylygynda 2015-nji ýylyň 7-9-njy sentýabr aralygynda Stambulda geçiriljekdigini belleýär.

Watan” gazeti: “Gökkuşagy Bodrumda” söz başyly habarynda, Bodrumda geçirilýän Halkara Balet festiwalynda Stambulyň Döwlet opera we baledi tarapyndan “Gökkuşagy baledi” atly eseriň sahnalaşdyrylandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar