Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 21.07.2015

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

383138
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 21.07.2015

“Ýeni Şafak” gazeti “Türkiýe tohumçylyk merkezine öwrülýär” söz başyly habarynda, Türkiýäniň birnäçe ýyl ozalam tohum import edýändigine garamazdan indi eksport edýän ýurda öwrülendigini ýazýar. Habarda TAGEM-iň baş müdiriniň orunbasary Ali Osman Sarynyň Türkiýäniň ýohumçylyk eksportynyň 2002-nji ýyldan bäri artýandygyny we geljekki ýyllarda dünýäniň tohumçylyk bazasyna öwrüljekdigini aýdandygy mälim edilýär. 

“Haber Türk” gazeti “Kalsinirlenen soda-da ägirt uly satuw” söz başyly habarynda, “Jiner Toparynyň” dünýäniň esasy kalsinirlenen soda öndürijisi bolan “PCI Wyomingiň” 51 göterimlik paýyna eýe bolan “OCI Resources LP” firmasynyň 75 göterimlik paýyny satyn alandygyny ýazýar. Gazet şeýlelikde hem “Ciner Toparynyň” hem-de Türkiýäniň kalsinirlenen soda önümçiliginde dünýä lideri bolandygyna ünsi çekýär.
“Hürriýet” gazeti “Şokoladyň kitabyny türkler ýazýar” söz başyly habarynda, ýewropaly bäsdeşlerine agram salýan, käbirlerini satyn alan türkleriň, indi bolsa şokoladyň kitabyny ýazýandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Habarda Ýyldyz Tehniki uniwersitetiniň we “Elwan Toparynyň” hyzmatdaşlyk etmeginde ýazylýan “Şokolad ylmy we tehnologiýasy” atly kitabyň pudak üçin esasy çeşme boljakdygy nygtalýar.
“Watan” gazeti “Türkiýede 30 welaýatda bars ýaşaýar” söz başyly habarynda, Garadeňiz Tehniki uniwersitetiniň Ýabany durmuş ekologiýasy we dolanşygy bölüminiň ýolbaşçysy, professor Şagdan Başkaýanyň “Barsyň populýasiýasy Türkiýede hiç bir döwürde gutarmady. Esasan Gündogar Anadolyda, Gündogar Garadeňizde ýaşaýar. Häzirki wagta çenli 8 welaýatda barsyň bardygyny anykladyk. Ýurdumyzyň azyndan 30 welaýatynda ýaşaýandygyny bilýäris” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
“Hürriýet” gazeti “İspartada 1300 ýyllyk galla tapyldy” söz başyly habarynda, İsparta welaýatynyň Ýalwaç etrabyndaky gadymy Pisidia Antiçea şäherinde geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde 7-nji asyra degişlidigi çaklanylýan ammarda uly gaplaryň içinde saklanan bugdaý, arpa, nohut, fasol merjimek ýaly galla önümleriniň tapylandygy mälim edilýär.
“Star” gazeti “Akwarium adam” taryhdaky ornuny eýeledi” söz başyly habarynda, Parahatçylyk we azatlyk baýramçylygyny belläp geçýän Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynda düýn möhüm rekordyň goýulandygyna ünsleri çekýär. Gazet Türkiýede “Akwarium adam” hökmünde tanalýan meşhur çümüji Jem Karabaýyň 72 sagat biken “Dünýäde suwuň aşagynda uzak möhlet ýaşan adam” rekordyny goýandygyny ýazýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar