Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 15.07.2015

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

380921
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 15.07.2015

“Ýeni Şafak” gazeti “Syýasat utgaşyklyk sungady” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen gatnaşan agzaçarynda koalisiýa hökümeti boýunça gepleşikleriň kadaly dowam etdirilmegini we bähbitli netije alynmagyny arzuw edip, Siriýa, Yrak, Gresiýa, Ukraina ýaly goňşy ýurtlardaky şertleriň hemmelere mälimdigini, Mejlisde wekilçilik edilýän syýasy partiýalaryň başlyklarynyň hem ýurduň geljegini ünsden düşürmeli däldigini aýdandygyny ýazýar. Gazet Erdoganyň “Düwülen ýumruklar bilen görüşip bolmaz. Syýasat utgaşyklyk, umumy bähbitlere laýyklykda ylalaşyk sungadydyr” diýen sözlerini ýerleşdirýär.
“Star” gazeti “Dawutogly: Käşgä ozal gol çekişilen bolsady” söz başyly habarynda, Eýran bilen günbatar ýurtlarynyň arasynda geçirilen ýadro gepleşiklerinde gazanylan ylalaşyga kanagatlanma bildirendigini nygtaýar. Habarda Dawutoglynyň “Käşga bu ylalaşyk has ir gazanylan bolsady we dartgynlyklar, ýadro ýarag howpy ortadan aýrylsady. Embargolaryň bes edilmegi hem biziň üçin oňyn waka” diýen sözleri okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirilýär.
“Haber Türk” gazeti “Embargonyň bes edilmegi eýranly syýasatçylary çeker” söz başyly habarynda, Eýran bilen gazanylan ylalaşygyň türk syýahatçylaryny tolgundyrandygyny, Türkiýe Syýahat gulluklary bileleşiginiň başlygy Başaran Ulusoýyň onuň Türkiýänin syýahatçylyk pudagyna oňyn goşant goşjakdygyny görendiklerini aýdandygyny ýazýar. Eýranlylaryň embargo sebäpli uçarlaryna ätiýaç şaý tapmaýandygyny, onuň hem syýahatçylaryň Türkiýä gelmeginiň öňündäki esasy päsgelçilik hökmünde görülýändigini ünsi çeken Ulusoýyň “Gelýän ýyllyk 1,5 milliona barabar eýranly syýahatçylaryň sany 2 miliona ýeter” diýen sözleri ýerleşdirilýär.
“Watan” gazeti “Türkiýäniň iň üstünlikli banky saýlandy” söz başyly habarynda, Akbankyň “Euromoneý” tarapyndan guralan 2015-nji ýylyň Kämillik baýraklarynyň çäginde “Türkiýäniň iň üstünlikli banky” hökmünde saýlanandygyny, bankyň şol baýraga soňky 10 ýylda 6-njy gezek laýyk görülendigini mälim edýär.
“Sabah” gazeti “THÝ-niň “baýramçylyk ýüzlenmesi” söz başyly habarynda, Türk Howaýollarynyň Oraza baýramy mynasybetli Airbus A-321 kysymly uçaryny ýörite tehniki usulda bezändigine ünsleri çekýär. Üstünde türk we Ýakyn Gündogaryň motiwleri bolan uçara iňlis we arap dillerinde “baýramyňyz gutly bolsun” diýilip ýazyldy. Uçar baýramçylygy belläp geçýän ýurtlaryň ählisinde görüler.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar