Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 16.06.2015

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary baradaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

305940
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 16.06.2015

“Ýeni Şafak” gazeti: “Iň süýji alada” söz başyly habarynda, bütin dünýädäki ähli musulmanlaryň penşenbe güni başlajak oraz aýyna garşýandygyny mälim edýär. Gazet Stambul häkimliginiň oraz aýy üçin ähli taýarlyklary tamamlandygyny, şu ýyl şäheriň ähli ýerinde dabaralaryň geçiriljekdigini nygtaýar. Habarda 29 güniň dowamynda konsertleriň boljakdygy, sungat eserleriň sergilenjekdigi, şäheriň her etrapçasynda agzaçarda tagamlaryň hödür-kerem ediljekdigi bellenýär.

“Haber Türk” gazeti: “Ankarada ýaşaýşyň iň gowy güni şüweleňi” söz başyly habarynda, dünýäniň ähli ýerinde bellenilip geçilýän we adamlara gowy ýaşaýyşy göz ýetirmeklerini maksat edinýän ‘Global Wellness Day’ dabarasynyň Türkiýäniň paýtagty Ankarada hem bellenilip geçilendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet “Ýaşaýşyň iň gowy güni” şüweleňiniň şol bir wagtda 5 materigiň 71 ýurdunda bellenilip geçilendigini, şüweleňe gatnaşanlaryň çärede sport bilen meşgullanyp, sagdyn ýaşaýşyň syryny öwrenendiklerini habar berýär. Habarda her ýylyň iýun aýynyň 2-nji şenbe güninde bellenilip geçilýän dabarada sport bilen meşgullanmagyň, wagtynda ýatmagyň, plastik çüýşeleri ulanylmazlygyň, gülmegiň, ýagşylyk etmegiň, dogry iýmitlenmegiň we suw içmegiň sagdyn ýaşaýşyň syrlarydygy ýazylýar.

“Watan” gazeti: “Türkiýe zenan dolanşyk geňeşiniň başlygyndaky görkezijilere görä dünýäde 2-nji orunda” söz başyly habarynda, “Generali” ätiýaçlandyryş kärhanasynyň dolanşyk geňeşiniň başlygy Mina Aýdyn Aýhanyň kärhanalaryň ösüşinde zenanlaryň hem uly ornunyň bardygyny mälim edýär. Habarda Aýhanyň: “Türkiýäniň kärhanalarynda zenan başlyklar 12 göterim, ýagny 100 dolanşyk geňeşiň başlygynyň 12-si zenan. Dünýäniň iň ösen ýurtlarynda işleýän zenanlaryň sany Türkiýeden köp bolsada, kärhanalaryň dolanşyk geňeşiniň zenan başlyklarynyň sanyna bolsa ol ýurtlarda örän az. Ýewropada işleýän zenanlaryň sany Türkiýeden 2 esse köp. Emma kärhanalaryň zenan başlyklarynyň sany boýunça Türkiýe Ýewropadan öňde” diýendigi nygtalýar.

“Star” gazeti: “Türkleriň düýş kartasy” söz başyly habarynda, internet ulanyjylarynyň gözleg hasabatyna görä Türkiýäniň düýş kartasynyň kesgitlelendigini habar berýär. Gazet Ýandeks gözleg saýtynda 2014-nji ýylyň başyndan 2015-nji ýylyň aprel aýynyň ahyryna çenli aralykda Türkiýäniň internet ulanyjylarynyň iň köp gözlän zadynyň “Düýşüňde ýylan görmek” sözlemidigini belleýär. Habarda şeýlede hem internet ulanyjylarynyň “Düýşüňde altyn görmek”, “Düýşüňde it görmek”, “Düýşüňde aglamak”, “Düýşüňde at görmek”, “Düýşüňde saçyňy aldyrmak”, “Düýşüňde dişiň çykýanyny görmek” ýaly sözleri Ýandeksden gözländigi ýazylýar.

“Sabah” gazeti: “Siriýada ara sebit duzagy” söz başyly habarynda, ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky hyzmatdaş güýçleriň we terror guramalaryň Siriýanyň demirgazygynda guran Tel Abýad operasiýasy bilen Türkiýäni gowjatak bolýandyklaryny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet başga ýerlere göçürilen arap we türkmenleriň ýerine kürtleriň ýerleşdiriljekdigini we ol ýerdäki ara sebitiň “Howpsyz sebit” diýip yglan edljekdigini we ol sebitiň kürt nebiti üçin “Howpsyz geçiş sebiti” boljakdygyny nygtaýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar