Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 21.05.2015

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

282864
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 21.05.2015

“Ýeni Şafak” gazeti “Yslamy Merkez Bankyny Açýarys” söz başyly habarynda, Dünýädäki ähli paýdar banklary özüne birleşdirjek Yslamy Merkez Bankynyň meýilnamasynyň düzülendigini ýazýar. Gazet “Wise-premýer Ali Babajan tarapyndan buşlanan bankyň şärikleri Türkiýe, İndoneziýa we Yslam Ösüş Banky bolar” diýip mälim edýär. Habarda Babajanyň Türkiýäniň başlangyçda 300 million dollar serişde goýberjekdigi, G-20-ä girýän ýurtlaryň hem prosent stawkasyz maliýe ulgamyny goldajakdygyny aýdandygy nygtalýar.
“Star” gazeti “Awtomobilleriň şowy başlaýar” söz başyly habarynda, awtomobil söýüjileriň sabyrsyzlyk bilen garaşýan “Autoshow 2015-iň” üstümizdäki aýyň 22-31-i aralygynda Stambulda geçiriljekdigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet önümçilik, eksport we satuwlar bilen ýyla depginli başlan awtomobil pudagynyň täze modellerini halka tanyşdyrjakdygyny ýazýar. Sergide iki sanysy dünýä lansmany, 27 sany täze modeliň Türkiýede ilkinji gezek tanyşdyryljakdygy mälim edilýär.
“Haber Türk” gazeti “Türkiýede 1184 ýerde deňizde suwa düşünip bilersiňiz” söz başyly habarynda, Saglygy goraýyş ministrliginiň Türkiýäniň deňizlere we köllere kenary bolan 34 şäherde suwda bakteriýa barlagyny geçirendigini ýazýar. Gazet geçirilen barlaga görä 1184 ýerde suwa düşünmegiň amatlydygynyň we suwuň hiliniň ýokarydygynyň anyklanandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Habarda geçirilen baglara görä Türkiýedäki plýažlaryň hem amatlydygynyň anyklanandygy nygtalýar.
“Sabah” gazeti “1915-nji ýyldaky wakalar barada film surata alar” söz başyly habarynda, toslama ermeni tezisleriniň ýaýbaňlanýan döwründe režisýor İsmail Güneşiň “Kerwen 1915” atly filmi 20-nji iýunda surata düşürmäge başlajakdygyny, Güneşiň 1915-nji ýyldaky wakalar barasynda: “1-nji jahan urşunda ähli halklar biri-biri bilen söweşdi. 16 milliona golaý adam pida boldy. şolaryň 3 milliona golaýy Osman döwletiniň musulman halkydy. Başdan geçirilenler hem musulmanlar hem-de hristianlar üçin tragediýady” diýen sözlerini ýerleşdirýär.
“Milliýet” gazeti “Eli Uras ABŞ-da İznigi sergileýär” söz başyly habarynda, sungat ussady Elif Urasyň ABŞ-da Aldrik adyndaky döwrebap sungat muzeýinde açylan şahsy sergisinde İznikden we İznigiň syrçalaryndan ylham alyp, döreden eserlerini sergileýändigini ýazýar. Gazet Elif Urasyň sergi zalyny çeşme, uly diwar pannosy ýaly bezegler bilen bezändigini, çeşmäniň we yzgiderli akýan suwuň İznik kölüni, bereketleri topraklaryny, suwuň bereketliligini aňladýandygyna ünsleri çekýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar