Türk metbugatınıň gısgaça mazmunı 19.05.2015

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

280679
Türk metbugatınıň gısgaça mazmunı 19.05.2015

Star gazeti: “Ilkinji naharlary Türkiýeden” söz başyly habarynda, Mýanmadaky zalymlykdan gaçan arakanly musulmanlaryň nalasyna Türkiýäniň ýetişendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Günorta Aziýanyň deňizlerinde aç we suwsyz galan bosgunlara Gumanitar goldaw gaznasynyň (IHH) kömegi bilen nahar berilendigini aýdýar. Habarda birnäçe aýyň dowamynda deňiziň ortasynda galan, ýaşamak üçin göreşýän we açlyk sebäpli ölüme sezewar bolan bosgunlaryň diri galanlaryna Türkiýe tarapyndan medesina kömeginiň hem berilendigi nygtalýar. Gazet Mýanmadaky musulmanlaryň hökümet we milletçi budistler tarapyndan basyşa we hüjümlere sezewar bolýandyklaryny belleýär.

Sabah gazeti: “Iň bagtly çagalar Türkiýede” söz başyly habarynda, 18 ýurtda geçirilen sowalnama görä Türkiýede ýaşaýan çagalaryň iň bagtlydygyny mälim edýär. Gazet Halkara çaga haýyr-sahawat guramasynyň 10-12 ýaş aralygyndaky 53 müň çaganyň arasynda baglylyk mowzugynda sowalnama geçirendigini habar berýär. Habarda sowalnama görä Türkiýedäki çagalaryň 78 göteriminiň bagtlydygy we şeýlelik bilen dünýäniň iň bagtly çagalarynyň türk çagalarydygy anyklanandygy ýazylýar.

Ýeni Şafak gazeti: “Ýokary okuw jaýlarynda Türkiýe hyýaly” söz başyly habarynda, daşary ýurtlarda bilim almak üçin ABŞ-ny saýlaýan Latyn Amerikaly talyplaryň täze ýodasynyň Türkiýä tarap öwrülendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Habarda Türkiýäniň Latyn Amerika ýurtlary bilen ösdürýän hyzmatdaşlygynyň bilim ugrunda-da özüni görkezendigi nygtalýar. Gazet ýurduň hödürleýän talyp haklarynyň saýasynda köp sanda latyn amerikaly talyplaryň okamak üçin Türkiýä gelýändigine, Latyn Amerika ýurtlarynyň talyplarynyň Amerika hyýalynyň mundan beýläk Türkiýe hyýalyna öwrülmäge başlandygyna, Türkiýäniň talyp haklaryny almak üçin şu ýyl 100 müňe golaý adam arza berendigine ünsi çekýär.

Haber Türk: “Içerki talap köpelýär” söz başyly habarynda, ýurduň aprel aýynyň býujetiniň görkezijileriniň býujet girdejileriniň we býujet deňagramlylygynyň güýçlenendigini, içerki talabyň köpelendigini görkezýändigini habar berýär. Habarda býujetiň görkezijilerine görä şu ýylyň ilkinji 4 aýynda býujetiň girdejileriniň, çykdajylara görä has köpdigi aýdylýar. Gazet ykdysady ösüşiň dowam edip etmezliginiň saýlawlaryň netijelerine, saýlawlarynyň netijelerinden soňraky ediljek ädimlere we daşary ýurtlardan gelýän maýalaryň dowam edip-etmezligine baglydygyny belleýär.

Watan gazeti: “Kliçko türklere goragçy bolaryn” söz başyly habarynda, dünýäniň ozalky agyr agramly boks çempiony ukarinaly Witaliý Kliçkonyň Kiýewiň şäher häkimi hökmünde türk işewür adamlaryny maýa goýmaga çagyrandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet türk işewür adamlary we maýadarlar bilen duşuşan Kliçkonyň: “Türklere goragçy bolaryn” diýendigini we ähli goldawlaryň beriljekdigini nygtandygyny mälim edýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar