Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 16.05.2015

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary baradaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

277010
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 16.05.2015



“Ýeni Şafak” gazeti “Bu zulum dowam edip bilmez” söz başyly habarynda İerusalymda saparda bolan Din işleri guramasynyň başlygy Mehmet Görmeziň Mesjidi Aksada Juma namazyny okadandygyny ýazýar.
Gazet müňlerçe musulmana ýüzlenen Görmeziň “İerusalymly doganlarymyz bu zulumyň astynda ýaşap bilmezler. Türkiýedäki doganlaryňyz bu zulumyň ortadan aýrylmagy üçin uly tagalla eder”diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “Ýewraziýa tuneli üçin daşky gurşaw baýragy” söz başyly başga bir habarynda Ýewropa Gurluşyk we galkynyş banky tarapyndan berilýän İň gowy daşky gurşaw baýragynyň şu ýyl Ýewraziýa tuneli taslamasyna berlendigini habar berýär.

“Star”gazeti “Türkiýe ÝB-ne agza 28 ýurtdan öňde” söz başyly habarynda 2008-nji ýylyň ahyrynda ýüze çykan global krizisiň esasan hem Ýewropda işsizleriň sanynyň köpelmegine sebäp bolandygyny emma Türkiýede bolsa tersine aşaklandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
Gazet Ýewropanyň 28 ýurdunda jemi 5,9 million adamyň işden çykarlandygyny, Türkiýede bolsa şol döwürde 4,2 million adamyň işe girendigini nygtaýar.
Gazet Türkiýäniň döreden iş mümkinçiligi bilen ABŞ bilen birlikde OEJD-ä agza 34 ýurt bilen bäsleşendigini belleýär.
Gazet Türkiýäniň gazanan üstüliginiň ykdysady çökgünligi başdan geçirýän Ýewropadaky türklere ruhy taýdan goldaw berendigini we Ýewropa ýurtlarynda ýaşaýan türkleriň yzyna dolanmaga başlandygyny ýatladýar.

“Hürriýet” gazeti “Kelly ýene Bodruma geldi” söz başyly habarynda dünýä derejesinde ýakyndan tanalýan top-model we telewideniýe gepleşiklerini alyp baryjy Britaniýaly Kelly Brogyň dynç almak üçin Bodruma gelendigini ýazýar.
Gazet Brogyň geçen ýyl hem Bodrumyň Göltürkbükü etrapçasynda dynç alandygyny ýatladýar.

“Haber Türk” gazeti “Maşyk ynsanynyň ömrüni uzadýar” söz başyly habarynda garrylyk çagynda yzygiderli maşyk etmegiň edil çilimi taşlamak ýaly ynsanynyň ömrüni uzadýandygyny ýazýar.
Gazet Norwegiýanyň Oslo uniwersitetiniň garrylyk çagyndaky 5700 adamda geçiren barlagynda hepde-de 3 sagat yzygiderli maşyk edýänleriň, maşyk etmedik ýaşytdaşlaryna görä 5 ýyl köp ýaşandygynyň anyklandygyny nygtaýar.
Gazet hepde-de azyndan 1 sagat maşyk edýänleriň saglyk ýagdaýynda bolsa hiç hili özgerlişigiň ýokdygynyň ýüze çykarlandygyny belleýär.

“Milliýet” gazeti “UEFA-dan wezipe” söz başyly habarynda UEFA-nyn türk emin agzalar Hüseýin Göçek bilen Halis Özkaýýanyň iýun aýynyň 12-124-i aralygynda geçiriljek 2016 Ýewropa futbol çempionadynyň seçip alyş bäsleşiklerini gönükdirmegi barada karar kabul edendigini habar berýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar