Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 12.05.2015

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary baradaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýar

271169
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 12.05.2015

“Haber Türk” gazeti: “Saýlawlara gatnaşyk rekord derejä ýeter” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdoganyň Belgiýa saparyndan dolanyp gelýärkä uçarda 7-nji iýunda boljak umumy saýlawlar barada beýanat berendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetriýär. Gazet Erdoganyň: “Türkiýe respublikasynyň taryhynda iň köp saýlaw gatnaşygy 7-nji iýunda geçiriljek saýlawlarda bolar. Bu saýlawlarda ses berenler rekord derejä ýeter. Saýlawlarda ähli howpsyzlyk çäreleri görüler” diýendigini belleýär.

“Ýeni Şafak” gazeti: “IMF: Türkiýäniň ösüşi Merkezi Ýewropa ýurtlaryny geçer” söz başyly habarynda, Hakara Pul gaznasy IMF-niň Merkezi, Gündogar we Günorta Gündogar Ýewropa ýurtlaryny öz içine alýan “Sebitleýin ykdysady meseleler” atly hasabat taýarlandygyny habar berýär. Gazet hasabata görä geosyýasy dartgynlylyk, ýewro sebitindäki kadalaşmanyň täsiri we nebit bahalarynyň arzanlamagy ýaly daşarky meselelerden oňyn baş alyp çykan Türkiýäniň ösüşde Ýewropa ýurtlaryndan geçjekdigini mälim edýär.

“Watan” gazeti: “Fazelisde gadymy bina tapyldy” söz başyly habarynda, Antalýanyň Kemer etrabynyň çäklerinde ýerleşýän gadymy Fazelis şäherinde we Beýdaglary Milli seýilgähinde geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde gadymy binalaryň harabalyklarynyň we adam süňkleriniň tapylandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Habarda Akdeňiz uniwersitetinden Murat Arslanyň: “Bu ýerde gadymy harabalyklar bar. Etrapda geomagnit derňewleri geçirdik. Taryhy harabalyklaryň bardygyna göz ýetirenimizden soň, gazuw-agtaryş işlerine başladyk” diýendigi ýazylýar.

“Star” gazeti: “Milat filmi sylaglandy” söz başyly habarynda, 10-25-nji maý aralygynda Ankarada Premýer ministrliginiň gaznasy, Medeniýet we syýahatçylyk, Adalat, Tokaýçylyk we Saglygy goraýyş ministrlikleriniň goldawy bermeginde “1-nji Halkara Maşgala kino-film festiwalynyň” geçirilýändigini habar berýär. Gazet festiwalyň çäginde görkeziljek filmlere we jemgyýetçilik jogapkärçilik taslamalaryna goldaw berenler Maşgala we sosial syýasatlar ministri Aýşenur Yslam tarapyndan sylaglanandyklaryny mälim edýär. Habarda TRT-niň Türkiýäniň Milli Howpsyzlyk gullugynyň işgärleriniň daşary ýurtly razwedkaçylara garşy göreşini beýan edýän “Milat” filminiň ilkinji gezek guralan “Halkara Maşgala kino-film festiwalynda” baýrak bilen sylaglanandygy bellenýär.

“Sabah” gazeti: “Marsel Ilhan Nadal bilen bäsleşer” söz başyly habarynda, türk tenisçisi Marsel Ilhanyň “Roma Masters” tenis bäsleşiginde tenis boýunça dünýäniň 29-nji ornundaky fransuz Adrian Mannorinony 2-0 (6-4 we 6-1) hasabynda ýeňendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Habarda Ilhanyň ikinji tapgyrda Ispaniýanyň tanymal tensçisi Rafael Nadal bilen bäsleşjekdigi ýazylýar. Gazet Ilhanyň dünýäniň tenis sanawynyň 7-nji ornundaky Nadal bilen ertir bäsleşjekdigine ünsi çekýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar