Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 06.05.2015

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

263940
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 06.05.2015

Ýeni Şafak gazeti: “Türkiýe ÝB-den geçer” söz başyly habarynda, ÝB Komissiýasynyň Türkiýäniň şu ýul ÝB agza ýurtlara görä çalt ösjekdigini aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet ÝB komissiýasnyň taýarlan ykdysady çaklama hasabatynda Türkiýäniň şu ýyl 3,2 göterim, 2016-nji ýylda bolsa 3,7 göterim ösüş etjekdigini mälim edýär. Habarda 3,2 göterimlik ösüş bilen Türkiýäniň ÝB agza ýurtlardan ykdysady ösüş boýunça geçjekdigi nygtalýar. Gazet hasabatda Türkiýäniň arzanlan nebit bahalaryndan peýdalanjakdygyna, ýurtda inflýasiýanyň peseljekdigine, alyş güýçjinň artjakdygyna we eksport edilýän elektrik togunyň hasabynyň azaljakdygyna ünsi çekýär.

Watan gazeti: “Milli tüpeň palçykda-da od açyp bilýär” söz başyly habarynda, Halkara Goranyş senagaty sergisi IDEF-de türk tehnalogiýasynyň meşhur bolandygyny habar berýär. Gazet islendik howa şertlerinde od açyp bilýän Türkiýäniň Milli ýaragy bolan MPT-76 tüpeňiň gelenleriň ünsini özüne çekendigini nygtaýar. Habarda Milli tüpeňiň häzirki wagtda Türkiýäniň Ýaragly güýçlerinde ulanylýandygy, tüpeňiň NATO-nyň iň kyn 42 testinden üstünlikli geçendigi, MPT-76 tüpeňiň dünýäde ol testleriň ählisinde geçip bilen ýeke-täk ýaragdygy ýazylýar.

Sabah gazeti: “Daşary ýurt kärhanalaryndan 3 maýa goýum” söz başyly habarynda, türk firmalarynyň daşary ýurtly maýadarlary özüne çekýändigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Ýewropaly 3 kärhananyň Türkiýäniň azyk-senagat pudagynda maýa goýmak barada karara gelendigini mälim edýär. Habarda Germaniýanyň Deliwery Heronyň Türkiýäniň ýemeksepetini satyn alandygy, Fransiýanyň Laktalisiniň Ak Gydadan, Gollandiýaly Ice Creamiň bolsa Ülker Golfden paý alandygy bellenýär. Gazet fransuzlaryň Ak Gyda üçin 2,6 milliard lira, nemesleriň bolsa ýemeksapeti üçin 589 million dollar berendigini nygtaýar.

Milliýet gazeti: “Türkiýe 3,2 göterim ösüş eder” söz başyly habarynda, ÝB-niň komissiýasy Türkiýäniň 2015-nji ýylda 3,2 göterim ösjekdigini habar berýär. Gazet Komissiýa tarapyndan taýýarlanan bahar ykdysady çaklamasyna görä Türkiýäniň ykdysadyýetiniň 2016-njy ýylda 3,7 göterim ösüş etjekdigini ýazýar.

Star gazeti: “Bregowiç bilen Hydyr Ilýas” söz başyly habarynda, Balkan ýurtlarynyň tanymal aýdymçysy bolan Joran Bregowiçiň Ankarada, Stambulda we Izmirde gurajak konsertleri bilen Türkiýede Hydyr Ilyas oduny ýakmaga gelýändigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet döreden film sazlary bilen özüni dünýä tanadan Bosniýa-Gersegowinaly aýdymçynyň, Türkiýäniň 3 aýry şäherinde konsert bermek üçin täzeden gelendigini mälim edýär. Habarda Bregowiçiň şu gün Ankarada, ertir Stambulda, biri gün bolsa Izmirde çykyş etjekdigi bellenýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar