Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 30.04.2015

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

256468
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 30.04.2015

“Ýeni şafak” gazeti: “Oba-hojalyk önümçiliginde Ýewropada lider” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan Ankarada guralan “Türkiýäniň oba-hojalygy we oba ýerleriniň galkynyşy taslamasynyň tanyşydyrylyş dabarasynda” çykyş edendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Habarda Erdoganyň: “Oba-hojalyk pudagynda eden iň uly işimiz ekin meýdanlarynyň bölünmeginiň öňüni almak boldy. Biz 12 ýylyň dowamynda 4,5 million gektar täze ýerleri ekin dolanyşygyna girizdik. Türkiýe gysga wagtyň içinde tohum eksportyny edýän esasy ýurtlarň birine öwrüldi. Häzirki wagtda Türkiýe oba-hojalyk önümçiliginde Ýewropada birinji, dünýäde bolsa 7-nji orundadyr” diýendigi bellenýär.

“Star” gazeti: “Daşary ýurtlylar durnuklylygy saýladylar” söz başyly habarynda, daşary ýurtlarda Türkiýä garşy kampaniýalary geçirýänlere daşary ýurtly maýadarlardan berk jogap gelendigini habar berýär. Gazet diňe Saud Arabystanynyň, Kataryň we ABŞ-nyň 4 kärhanasynyň we gaznasynyň Türkiýä jemi 2,5 milliard dollarlyk maýa goýmak baradaky kararlaryny beýan edendiklerine ünsi çekýär. Habarda Halkara Maýa goýum sammitine gatnaşan merkezi Saud Arabystanynda ýerleşýän Albassam Group-yň 1 milliard dollarlyk, Katarly Maýhula for Inwestmentsiň 885 million liralyk, ABŞ-nyň elektrik kärhanasy New Generation Power Internationalyň 400 million dollarlyk we Hýuston Metodist firmasynyň bolsa 2,2 milliard liralyk maýa goýjakdygy ýazylýar.

“Sabah” gazeti: “Turizmiň liderleri Stambulda duşuşar” söz başyly habarynda, “World Tourism Forum” dünýä turizminiň liderlerini Stambulda duşuşdyrjakdygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Ýewropanyň, Russiýanyň, Türk dilli ýurtlaryň we Pars aýlagy ýurtlaryň turizm pudagyndaky liderlerini jemlejek duşuşykda, syýahatçylyk pudagynyň geljegi barada pikir alyşyljakdygny mälim edýär. Habarda “World Tourism Forumyň” başlygy Bulut Bagjynyň: “Duşuşyk ilkinji gezek Türkiýede geçirilýär. Stambuldaky duşuşykdan soň oktýabr aýynda Moskwada, Dekabr aýynda Kataryň paýtagty Doha şäherinde geçiriler” diýendigi nygatlýar.

“Watan” gazeti: “Bodrumda täze gämi duralgasy gurular” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Bodrum etrabynyň Güllük etrapçasynda “Güllük gämi duralgasynyň” gurljakdygyny habar berýär. Gazet Güllük gämi duralgasynyň Bodrumyň tanymal syýahatçylyk merkezleri bolan Güwerjinlige, Torba, Gündogana, Türbükä, Gresiýanyň Leros, Kalimnos, Farmakoni adalaryna we Aýdyn welaýatynyň Didim etrabyna ýakyndygyny ýazýar. Gazet 350 gämilik duralganyň iň uly aýratynlygynyň bolsa Bodrumyň howa menziline ýakynlygydygyny belleýär.

“Milliýet” gazeti: “Howa menzillerinde beden gözegçilik enjamlary ýerleşdiriler” söz başyly habarynda, Milli raýat awiasiýasynyň howpsyzlyk gullugynyň kabul eden täze bir karary bilen, 1-nji iýuldan başlap Izmiriň Adnan Menderes howa menzilinde, birnäçe wagt soň bolsa beýleki howa menzillerinde birinji gapylaryndaky gözegçilikleriň, ýolagçylara has gowy hyzmat berip bilmek üçin we ýolagçylaryň gelim-gidimlerinde päsgelçilikleriň bolmazlygy üçin goý bolsun edilndigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.Gazet şunuň bilen baglylykda howa menzilleriniň ikinji gapylarynda howpsyzlyk çäreleriniň güýçlendiriljekdigini we 1-nji sentaýbrdan başlap daşary ýurtlara sapar guralýan 11 howa menzilinde “Beden gözegçilik enjamlarynyň” ulanylmaga başlanjakdygyny mälim edýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar