Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 28.04.2015

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary baradaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

253126
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 28.04.2015

Star gazeti: “Türkiýä ýylyň ilkinji 3 aýynda 4,5 million syýahatçy geldi” söz başyly habarynda, Türkiýä gelen syýahatçy sany şu ýylyň mart aýynda 2014-nji ýylyň mart aýy bilen deňeşdirilende 2,37 göterim artyp, 1 million 895 müň adama ýetendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet syýahatçy sanynyň şu ýylyň ilkinji 3 aýynda 2014-nji ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 4,12 göterim artyp, 4 million 530 müň adama ýetendigini mälim edýär. Habarda iň köp syýahatçynyň Germaniýadan gelendigi bellenýär.

Ýeni Şafak gazeti: “Türkiýäniň maliýe düzgüni ÝB ýurtlaryna görelde” söz başyly habarynda, Türkiýäniň maliýe düzgüni ÝB agza ençeme ýurda görelde bolandygyny habar berýär. Habarda 2014-nji ýylyň hasabatyna görä, Türkiýäniň OECD-niň çäginde maliýe taýdan iň düzgün-nyzamly ýurtlardan biridigi mälim edilýär.

Sabah gazeti: “Bilgeşleýin maýa goýum” söz başyly habarynda, 7-nji iýunda boljak saýlawlardan ozal Türkiýäniň daşary ýurtlarda abraýyny peseltmek isleýän ýurtlara garşy iň gowy jogaby daşary ýurtly maýadarlaryň berýändigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet maýadarlaryň türk bazarlaryna girmek üçin özara bäsleşýändiklerini, Ýakyn Gündogardaky we Ýewropadaky tanymal kärhanalaryň Türkiýede maýa goýmak baradaky kararlaryny beýan edýändiklerini nygtaýar. Habarda saudy we fransuz maýadarlaryň türk kärhanalary bilen hyzmatdaşlyk etjekdigi we 100 arap işewür adamynyň hyzmatdaşlyk üçin Türkiýä gelendigi ýazylýar.

Haber Türk gazeti: “Alyjenap haýran galdy” söz başyly habarynda, TEB BNP Paribas Stambul Open tenis bäsleşiginde oýnajak “Alyjenap” lakamly tenisçi Rožer Federeriň, ilkinji gezek Stambula gelendigini we adamlaryň myhmansöýerligine haýran galandygyny habar berýär. Habarda Federeriň: “Adamlar örän myhmansöýer. Stambula degişli ençeme surat gördüm. Stambula syýahat etmek üçin sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn” diýendigine ünsi çekýär.

Milliýet gazeti: “Dünýä jaz güni Bursada bellenilip geçiler” söz başyly habarynda, ÝUNESKO tarapyndan 2011-nji ýyldan bäri bellenilip geçilýän “30-njy aprel Halkara Dünýä jaz güni” şu ýyl Türkiýäniň Bursa şäherinde bellenilip geçiljekdigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet 2 ýyl ozal hem “Halkara jaz gününiň” Türkiýede bellenilip geçilendigini, şu ýyl Bursada geçiriljek dabaranyň çäginde bolsa “Türkiýede zenan sesi” ady bilen konsert guraljakdygyny belleýär.

Hürriýet gazeti: “Ermenileri halas eden türkleriň filimi” söz başyly habarynda, kinorežisser Ismail Güneşiň ermenileri halas eden türkleriň kino-filimini taýarlamaga başlajakdygyny mälim edýär. Habarda “Kerwen 1915” atly filmiň taýarlygy 20-nji iýunda başlanjakdygy, ýazgylaryň 9 hepde dowam etjekdigi we filmiň görkezilişiniň 2016-njy ýylda boljakdygy ýazylýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar