Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 23.04.2015

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

247120
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 23.04.2015

Hürriýet gazeti: “Liderler Sawaronada kabul ediler” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Prezidenti R.T Erdoganyň Çanakgala söweşiniň 100 ýyllygy mynasybetli geçirjek dabarasyna geljek beýleki ýurtlaryň Prezidentlerine we wekillerine Atatürkiň taryhy Sawarona ýahtasynda agşamlyk naharyny berjekdigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Habarda 24-26-njy aprel aralygynda Bosfor bogazynyň kenaryndaky myhmanhanalaryň 100 göterim doly boljakdygy aýdylýar.
Watan gazeti: “Erdogan: Ol gämileri batyrsaňyz betbagtçylyk bolar” söz başyly habarynda, soňky bir hepdäniň dowamynda Ortaýer deňizinde gämi heläkçiliginde 1 müň töwerek adamyň ýogalmagy sebäpli maslahat geçiren ÝB ýurtlary, heläkçilikleriň öňüni almak üçin bosgunlary daşaýan gämileriň batyrylmagy barada karara gelendiklerini mälim edýär. Gazet Prezidet Erdoganyň bu karara garşy: “Ol gämileri batyrsaňyz betbagtçylyk bolar. Türkiýede 2 million bosgun bar. Günbataryň bu çemeleşmesini ýazgarýaryn we länetleýärin” diýendigini habar berýär.
Ýeni Şafak gazeti: “Awstraliýanyň Premýer ministri Abbott: Käbir ýurtlar Türkiýä bahylçylyk edýär” söz başyly habarynda, Premýer ministr Ahmet Dawutogly bilen bilelikde metbugat ýygnagyny geçiren Tony Abbottyň: “Türkiýe soňky 10 ýylyň dowamynda uly üstünliklere eýe boldy. Dünýäniň käbir ýurtlary size göripçilik edýär. Türkiýe gysga wagtyň içinde şu derejä ýetdi” diýendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
Star gazeti: “Çagalardan parahatçylyk çöregi” söz başyly habarynda, Dünýä çagalarynyň 23-nji aprel baýramynyň we 6-njy çörek festiwaliniň çäginde Stambula gelendiklerini mälim edýär. Gazet 120 çaganyň Stambulyň gubernatory Wasip Şahin we Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdoganyň ogly Bilal Erdogan bilen duşuşandyklaryny, çagalaryň protokol agzalaryna parahatçylyk çöregini berendiklerini nygtaýar. Habarda gubernator Şahiniň: “Geljekki nesillere dostluk has hem berk ýagdaýda gowşurylar” diýendigi bellenýär.
Sabah gazeti: “Okuwçylar köpsanly baýraklara eýe boldylar” söz başyly habarynda, türk okuwçylarynyň halkara bäsleşiklerde köpsanly baýraklara eýe bolandyklaryny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Italiýada guralan GEF Global Education festiwalynda bäsleşen türk okuwçylaryň deň hukuklylygy öňe sürýän filmleriniň saýasynda 1-nji oruna mynasyp bolandygyny habar berýär. Habarda Festiwalde jemi 20 ýurtdan 53 filmiň bäsleşendigi bellenýär. Gazet Latwiýada geçirilen Halkara okuwçy firma bäsleşiginde türk okuwçylaryň 50 okuwçy firmanyň arsynda “Iň ökde satuw we marketing” kategoriýasynda 2-nji oruna mynasyp bolandygyny ýazýar.
“Habertürk” gazeti: “Federer ilkinji gezek Stambula geldi” söz başyly habarynda, Dünýäniň ady belli tensiçileriniň biri bolan Rožer Federer “TEB BNP Paribas Stambul Open” bäsleşigine gatnaşmak üçin Stambula geljekdigini mälim edýär. Gazet 27-nji aprel 3-nji maý aralygynda geçiriljek bäsleşigiň biletleri gysga wagtyň içinde gutarandygyna ünsi çekýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar