Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 14.04.2015

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

235366
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 14.04.2015

“Haber Türk” gazeti “Türk akymynyň öňüni almak uly ýalňyşlyk bolar” söz başyly habarynda, Russiýanyň “Gazprom” açyk paýdar jemgyýetiniň başlygy Alekseý Milleriň Günorta akymdan ýüz öwürmäge mejbur bolandyklaryny nygtap, “Durmuşa geçiriljek Türk akymy Ýewropa tebigy gaz akdyrylýan ugurlaryň alternatiwini artdyrmaga esaslanýar” diýdi. Miller Türk akymynyň häzirki wagtda Ýewropa bazary üçin ýeňillik döredýändigini hem nygtady. Alekseý Miller “Türk akymynyň öňüni almak ÝB üçin uly ýalňyşlyk bolar. Tebigy gaz başga bazarlara gider” diýdi.
“Star” gazeti “Germaniýadaky rasist jenaýatlar barada kino-film taýarlanýar” söz başyly habarynda, Germaniýada 8 sanysy türk 10 adamy öldüren rasist gurama NSU-nyň toparlaýyn jenaýatlary barada çeper filmiň surata alynjakdygyny mälim edýär. Habarda türk jemgyýetini aladalandyran jenaýatlar baradaky filmde türk aktrisasy Nursel Kösäniň ornajakdygy, filmiň iýun aýynda surata alynmaga başlajakdygy nygtalýar.
“Sabah” gazeti “Spartaly aramyzda” söz başyly habarynda, “300 Spartaly” we “Bellik: Seni söýýärin” ýaly kino-filmleri bilen tanalan meşhur aktýor Gerard Batleriň Türkiýä gelendigini ýazýar. Gazet Batlaryň dostlary bilen Stambuly gezýändigini, muşdaklary bilen duşuşan meşhur aktýoryň “Biz Türkiýäni gowy görýäris” diýendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
“Star” gazeti “Amerikala Stambul maslahaty” söz başyly habarynda, amerikalylara gezilip-görilmeli 10 destinasiýa maslahatlarynyň berilmäge başlanandygyny mälim edýär. Gazet dünýäniň esasy şäherlerini özünde jemleýän sanawda Stambulyň birinji ýerde durýandygyna ünsleri çekýär. Habarda Dünýäniň iň baý taryhy mirasyna eýe bolan şäherlerden biri hökmünde öňe saýlanýan Stambulyň gezilip-görülmeli esasy şäherleriň başynda durýandygy nygtalýar.
“Watan” gazeti “Türk Howa Ýollary San Fransisko göni uçýar” söz başyly habarynda, Türk Howaýyllarynyň Amerika kontinentindäki 11-nji, ABŞ-daky ýedinji uçuş nokady bolan Stambul-San Fransisko saparyna başlandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet saparlaryň duşenbe, sişenbe, penşenbe, anna we ýekşenbe günlerinde amala aşyrylýandygyny ýazýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar