Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 08.04.2015

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

231325
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 08.04.2015

"Ýeni Şafak" gazeti: “Nebit tapmanlygy sebäpli gepleşiklere täzeden başlar” söz başyly habarynda, Ortaýer deňiziniň gündogar sebitlerinde nebit goralaryny tapmak üçin gözleg-agtaryş işlerini geçiren Kipriň grek böleginiň hökümetine Türkiýä garşy Ysraýyldan we Müsürden almak islän goldawynyň berilmändigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet grekleriň 6 aý soň gepleşiklere dolyp gelmäge razy bolandygyny, gepleşiklere razy bolmagynyň esasy sebäbiniň bolsa gözleg-agtaryş işlerinden netije almandygydygyny ýazýar.

"Watan" gazeti: “Belek Obama garaşýar” söz başyly habarynda, ABŞ-nyň Prezidenti Obama, Germaniýanyň Federal Kansleri Merkel ýaly liderleri özünde jemlejek G-20-niň maslahatynyň geçiriljek ýeri bolan Belekde işleriň doly depgin bilen alynyp barylýandygyny mälim edýär. Gazet Antalýanyň gubernatorynyň şu ýylyň noýabr aýynda Belekde geçiriljek maslahat sebäpli myhmanhanalara syýahatçy alynmajakdygyny aýdandgyny ýazýar. Habarda Belekde boljak maslahata dünýä liderlerinden başgada 13 müň adamyň gatnaşjakdygy, Türkiýede 2015-nji ýylyň 15-16-njy noýabrynda boljak maslahatyň Antalýada geçiriljekdigi bellenýär.
"Sabah" gazeti: “Döwletiň banklary berýän karzlarynyň mukdaryny artdyrdy”söz başyly habarynda, Döwlet banklarynyň Prezident Erdoganyň buýrugy bilen täze karz meýilnamasyny taýarlandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet karz meýilnamasynyň täze iş ýerleriň döredilmegi we döwletiň mundan beýläk-de ösüşini dowam etdirmegi üçin taýarlanandygyna ünsi çekýär. Habarda banklaryň esasan hem doly ösmedik sebitlerde gurulan ýa-da guruljak hususy kärhanalara goldaw berjekdigi, ilkinji gezek hususy kärhana açjak işewürlere bolsa beriljek karzyň möçberiniň artdyryljakdygy nygtalýar.
"Hürriýet" gazeti: “Tehnologiýanyň haryda öwrülmegi üçin CeBIT zerur” söz başyly habarynda, Ylym, senagat we tehnologiýa ministri Fikri Yşygyň “Halkara serişdelerden peýdalanmak we tehnologiýlaryň möhümliligi azalmadan öň haryda öwürmek üçin CeBIT ýaly guramalaryň gyzyklanýanlary bir ýere jemlemekdäki we olaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekdäki roly örän uly. Bu meseledäki goldawlarymyzy dowam etdireris we ýurdumyzy dünýädäki öňdebaryjy döwletleriň birine öwüreris” diýendigini ýazýar
"Star" gazeti: “8 ýaşynda skripkada taryh ýazdy” söz başyly habarynda, Mersin uniwersitetiniň Skripka bölüminiň okuwçysy 8 ýaşyndaky Laçyn Akýolyň, Belgiýanyň Namur şäherinde geçirilen Halkara Grumiakus ýaş skripkaçylaryň bäsleşiginde öz derejesinde 23 bäsdeşinden üstün çykyp 3-nji ýere mynasyp bolandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Habarda bäsleşige Germaniýadan, Russiýadan, Estoniýadan, Singapurdan, Ýaponiýadan, Finlýandiýadan, Latwiýadan, Litwadan, Belgiýadan we Gollandiýadan ýaş skripkaçylaryň gatnaşandygy, Türkiýeden bolsa Akýolyň gatnaşyp, üstünlikli çykyş edip, 3-nji ýere mynasyp bolandygy aýdylýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar