Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 06.04.2015

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

227848
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 06.04.2015

“Ýeni Şafak” gazeti: “Alp Arslanyň aramgähimi?” söz başyly habarynda, türkmenlere Anadolynyň gapysyny açan, Malazgirt söweşiniň ýeňijisi Beýik Seljuk döwletiniň Soltany Alp Arslanyň aramgähini tapmak üçin Türkmenistanyň Mary welaýatynda gazuw-agtaryş işleriniň geçirilýändigini we gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde möhüm tapyndylaryň ýüze çykarylandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Türk Hyzmatdaşlyk we utgaşyklyk gullugy TİKA-nyň Soltan Alparslanyň guburyny tapmak üçin dowam etdirýän gözleg-agtaryş işleriniň netijesinde Soltanyň aramgähine degişli bolup biljek ýazgy bölekleriniň tapylandygyny we ýazgynyň beýleki bölekleriniň tapylmagy üçin gözleg işleriniň dowam etdirilýändigini habar berýär.
“Haber Türk “gazeti: “Akkuýu ruslaryňky däl, türkleriň taslamasy” söz başyly habarynda, Türkiýäniň ilkinji ýadro bekedi Akkuýynyň Türkiýäniň taslamasydygyny aýdan Akkuýu NGS kärhanasynyň dolanşyk geňeşiniň başalygy Fuad Ahundowyň: “Bu türk taslamasy. Akkuýu NGS türk firmasy. Bu Türkiýä getiriljek puldyr. Bu maýa goýym Türkiýe üçin” diýendigini mälim edýär. Gazet Ahundowyň: “ Russiýa taslama üçin 3 milliard dollar gözleýär, maliýe bilen baglanşykly hiç hili meselämiz ýok” diýendigini belleýär.
“Star” gazeti: “Bodrum syýahatçylyk möwsümini ir açdy” söz başyly habarynda, Türkiýede 4 pasylyň şol bir wagtda ýaşap bolýandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Mugla weşaýatynyň ady belli syýahatçylyk merkezleriniň biri bolan Bodrumda mylaýym howanyň iki hepdeden bäri dowam edip gelýändigini we şol sebäpli syýahatçylyk möwsüminiň ol ýerde ir açylandygyny habar berýär. Habarda syýahatçylaryň deňize girip we güneşläp hezil edýändikleri, Bodrumda deňiz suwunyň ýylylygynyň 20 gradusdygy aýdylýar. Gazet Türkiýäniň gündogar sebitlerinde bolsa syýahatçylaryň lyža merkezlerine barýandyklaryny mälim edýär.
“Watan” gazeti: “Suwuň aşagynda 3 gün bolar” söz başyly habarynda, türk çümüjisi Jem Karabaýyň iňlis Will Gudmanyň 48 sagatlyk suwuň aşagynda galma rekordyny ele geçirmek üçin DKTR-da çümjekdigini nygtaýar. Habarda Karabaýyň akwariumda 192 sagat 19 minut 19 sekunt suwuň aşagynda galyp, “Suwuň aşagynda iň köp wagtlap duran adam” derejesine eýe bolandygy aýdylýar. Gazet Jem Karabaýyň DKTR-da 17-nji iýulda suwa girjekdigini we 20-nji iýulda “Parahatçylyk we azatlyk” baýramy güni çykjakdygyny ýazýar.
“Sabah” gazeti: “Stambulda Awtoulag maslahaty geçiriler” söz başyly habarynda, Ulag satyjylary jemgyýeti (OYDER) tarapyndan her ýyl geçirilýän Awtoulaglara bagyşlanan maslahatyň 5-njisiniň şu ýyl 7-nji aprelde Stambulda geçiriljekdigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Habarda maslahata ABŞ-dan “Group 1 Auto” kärhanasynyň başlygy Earl Hesterberiň, Ka Foskari uniwersitetinden Leonardo Buzzawonyň we “ICDP” firmasynyň dolnaşyk geňeşiniň başlygy Stiw Ýaňyň gatnaşjakdygy aýdylýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar