Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 05.04.2015

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary baradaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

226408
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 05.04.2015

“Ýeni Şafak” gazeti: “Seismiki gämiden soň burawlaýyş gämisi gurlar” söz başyly habarynda, Tükiýäniň energetika pudagyndaky maýa goýumlaryny esasan hem inženerçilik ugryna goýrjakdygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Energetika we tebigy serişdeler ministri Taner Ýyldyzyň: “Türkiýäniň inženerçilik ugry barha döwrebaplaşýar. Şol sebäpli Türkiýe “Turkuaz” seismiki gämisini gurandan soň, burawlaýyş gämisini gurar. Burawlaýyş gämisiniň gurluşygy üçin inženerçilik we tehniki ugurda ýeterlik derejede tejribämiz bar. Oktýabr aýynda deňize goýberiljek seismiki gämimiz deňiziň düýbündäki janly-jandarlaryň ýaşaýyşy ýaly ugurlarda ylmy-barlag işlerini geçirer” diýendigini belleýär.
“Milliýet” gazet: “GAP-yň syýahatçylyk pudagy ösdüriler” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Premýer ministri Ahmet Dawutogly tarapyndan beýän edilen GAP (Günorta-gündogar Anadoly taslamasy) meýilnamasynyň çäginde dini syýahatçylyk pudagynyň ösdüriljekdigini habar berýär. Habarda sürýani ybadathanasynyň gurulmagy bilen sebite 300 müň sürýaniniň gelmegine garaşylýandygy aýdylýar. Gazet sebitdäki Hah ybadathanasynyň, Mor Ewgin monastyrynyň we Mor Kirýakus monastyrynyň abatlaýyş işleriniň tamamlanmagyndan soň, syýahatçylar üçin açyljakdygyny nygtaýar.
“Watan” gazeti: “Stambulda syýahatçylyk pudagyna bagyşlanan maslahat geçiriler” söz başyly habarynda, Stambulda geçiriljek “World Tourism Forum” maslahatyna dünýäniň syýahatçylyk pudagyndaky öňdebaryjy liderleriň geljekdigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň ýolbaşçylygynda Türkiýede ilkinji gezek geçiriljek maslahata, Ýewropanyň, Russiýanyň, Türki dilli döwletleriň we Aýlag sebitinde ýerleşýän ýurtlaryň öňdebaryjy liderleriniň gatnaşjakdygyny we syýahatçylyk pudagynyň geljegi bilen baglanşykly meseleler ara alynyp maslahatlaşyljakdygyny habar berýär.
“Haber Türk” gazeti: “Deriçilik pudagy geljegini Uzak Gündogarda gözleýär” söz başyly habarynda, Türkiýäniň deriçilik pudagyndaky kärhanalaryň Stambulyň deri we deri önümleriniň eksportçylar bileleşiginiň (İDMİB) ýolbaşçylygynda Uzak Gündogaryň iň uly deri sergisi bolan Gonkongdaky “Aziýa-Yuwaş okean deri sergisine” gatnaşandygyny mälim edýär. Habarda Türkiýeden sergä 50 firmanyň gatnaşandygy we soňky 6 ýylyň dowamynda Türkiýeden Hytaýa deri we deri önümleriniň eksportynyň 5 esse artandygy bellenýär. Gazet 2014-nji ýylda Hytaýyň Türkiýeden 23 göterim artan we 91,6 million dollara barabar bolan deri, deri önümleri we aýakgap import edendigini ünsi çekýär.
“Hürriýet” gazeti: “Türk alymlarynyň täsin açyşy” söz başyly habarynda, Göz keselleri lukmany Murat Kalaýoglynyň ABŞ-da oýlap tapan kreminiň lukmançylykdaky we estetikadaky açyşlaryň iň täsinlerinden biridigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Kalaýoglynyň we onuň egindeşleriniň Garward uniwersitetinde geçiren ylmy-barlaglarynyň netijesinde täze formula bilen 2 krem oýlap tapandyklaryny habar berýär. Habarda kerimlerden biriniň ýag dokumalaryny eredýändigi, iknjisiniň bolsa elleri we ýüzüňi juwanlaşdyrýandygy aýdylýar. Gazet aňsatlyk bilen ulanyp boljak kremiň birinjisini ulanan adamlaryň gözleriniň aşagyndaky çişleriň azalandygyny mälim edýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar