Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 02.04.2015

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary baradaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

221964
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 02.04.2015

“Ýeni Şafak” gazeti “1 goýup 10 aldyk” söz başyly habarynda dünýäde 150-ä golaý firma bilen şärik bolan we maýa goýumlarynyň gymmaty 36 milliard dollara barabar bolan Bahreýinli İnwestkorp maýa goýum firmasynyň Türkiýä goýan maýa goýumlaryndan uly girdeji gazanandygyny ýazýar.

Gazet firmanyň Pars aýlag ýurtlaryndan jogapkär başlygy Al Şrooginiň Türk-Arap işewür adamlary maslahatynda eden çykyşynda firmanyň Türkiýedäki maýa goýumlary barada öwgüli sözler aýdandygyny nygtaýar.
Gazet firmanyň Pars aýlag ýurtlaryndan jogapkär başlygy Al Şrooginiň “Türkiýä 500 million dollarlyk maýa goýduk we 5 milliard dollarlyk girdeji gazandyk. Türkiýedäki maýa goýumlarymyzdan diýseň hoşal” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.


“Hürriýet” gazeti “125 milliardlyk duşuşyk” söz başyly habarynda nebit we suwuklandyrlan gaz pudagynda iş alyp barýan firmalaryň şu gün Petroleum Stambul sergisiniň çäginde duşuşjakdygyny ýazýar
Gazet 5-nji aprele çenli dowam etjek sergä nebit, ýangyç, suwuklandyrlan gaz, magdan ýagy, tebigy gaz we elektrik togy pudagynda iş alyp barýan tanylmal firmalarynyň gatnaşjakdygyny nygtaýar.
Gazet ýerli we daşary ýurtly 400-den gowrak firmanyň gatnaşmagyndaky sergä 50 müň adamyň gelip görmegine garaşylýandygyny ýatladýar.


“Watan” gazeti “Süňk ýiligi merkezi açyldy” söz başyly habarynda Saglygy goraýyş ministrligi bilen Türk Ýarym gyzylaý jemgyýeti tarapyndan Türkiýäniň Milli süňk ýiligi merkeziniň hyzmada açylandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
Gazet merkeziň açylyş dabarasyna gatnaşan Saglygy goraýyş ministri Mehmet Müezzinoglynyň “Mundan soňky etapda esasan hem durmuşlaryny dowam etdirmek isleýänlere täze umyt gapylary açylar. Sebitde ýerleşýän ýurtlardan hem Türkiýäniň mümkinçiliklerinden peýdalanmak isleýänler bolar” diýendigini belleýär.


“Milliýet”gazeti “İňlisler estetika üçin Türkiýäni saýlap alýar” söz başyly habarynda Britaniýada iş alyp barýan Milli Hasabat guramasynyň iňlisleriň esasan hem estetika operasiýasynyň Türkiýede edilmegini isleýändigine aýratyn ünsi çekendigini ýazýar.
Gazet iňlisleriň saç ekdirmek we ýag aldyrmak üçin Türkiýä gelýändigini belleýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar