Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 11.03.2015

Dünýäniň we ýurduň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

258299
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 11.03.2015

Ýeni Şafak gazeti:” 3 gyzyň jogapkärçiligi Britaniýada” söz başyly habarynda, “Türkiýäniň Britaniýadaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly baş ilçisi Abdurrahman Bilgiç, terror guramasy YSYS-a goşulşan 3 gyz babatynda Britaniýanyň Parlamentiniň Içeri işler komssiýasynyň soraglaryna jogap berdi. Bilgiç:”Britaniýa olary saklamaly ekeni. Esasy günä sizde” diýdi. Ol:”Siriýa YSYS-a goşulyşdy diýip çak edilýän 3 gyzyň Türkiýä gelmezden öň, wagtynda habar berilen bolsady, biziň olary yzarlamagymyz we tapmagymyz aňsat bolardy” diýip ýazýar.
Star gazeti:”Ýewropada jynsparazlyk artdy” söz başyly habarynda, “Awstriýada we Germaniýada ýaşaýan asly türk bolan musulmanlaryň gatnaşan ”Ýewropada jynsparazlyk” sowalnamasyna görä, Ýewropada jynsparazlygyň barha artýandygy ýüze çykdy. Barlaglara görä musulmanlaryň 2/3 bölegi jynsparaz hüjümlere sezewar bolandygy anyklandy. Sowalnama gatnaşan adamlaryň 89,9 göterimi soňky bir ýylyň dowamynda jynsparazlygyň artandygyny aýdýarlar. Beýleki tarapdan Germaniýanyň Kazysynyň karararyna garamazdan är-aýal biri-birinden aýrylmaly bolýar. Germaniýa Ýewropanyň Adalat geňeşiniň kararyna garamazdan eýýäm 8 ýylyň dowamynda türk maşgalalaryndan dil synagyny alýar” diýip nygtalýar.
Sabah gazeti: “Stambuldaky kino film festiwalyna 62 ýurtdan 204 kino-film gatnaşar“ söz başyly habarynda, “Stambulyň Medeniýet we sungat gaznasy tarapyndan guralýan 34-nji Stambul kino-film festiwaly 14-19-nji aprel aralygynda geçiriler. Festiwalda 62 ýurtdan 204 kino-film görkeziler. Filmler we kinorežisýorlar “Altyn Çigildem“ Halkara bäsleşigine hem gatnaşarlar. Festiwalda geçiriljek gepleşikler, seminarlar, kinemotografiýa boýunça dersler we ýörite medeni çäreler bilen gelenleriň ünslerini çekmek meýilleşdirilýär” diýip gazet okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
Haber Türk gazeti: “Solar İmpals 2-niň arkasyndaky türk zenan“ söz başyly habarynda, “Gün energiýasy bilen işleýän Solar Impalse uçary taryhy dünýä saparyna 2 gün ozal Abu Dabiden başlady. Uçaryň uçarmany Andre Borşbergiň aýaly Ýasemin we gyzy Ela hem taslama goşant goşdy. Ýasemin sapardan öň uçarmana dem alma maşklarynda, iýmitinde we meditasiýasynda kömek berip, uçarmanyň ruhy we fizika taýdan taýarlanmagyna goltgy berýärdi” diýip mälim edýär.
Milliýet gazeti: “Minekrafta garşy arza berildi“ söz başyly habarynda, “Maşgala we sosial syýasatlar ministrligi Minekraft komýuter oýunynyň zyýanly bölümleriniň çagalar üçin oňaýsyz täsir ýetirýändigi sebäpli käbir bölümlerine girmäge rugsat berilmezligi üçin kazyýete ýüz tutar. Oýunyň öý, ekin meýdany, köpri ýaly desgalary gurup bolýanlygy üçin çagalaryň aňyny ösdürýändigi pikir edilýän hem bolsa, desgalary gurmak üçin mahluklary öldürmegi çagalaryň aňyna erbet täsir ýetirýär” diýip, gazet okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar