Türk metbugatynıň gysgaça mazmuny 07.03.2015

Dünýäniň we ýurduň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

252114
Türk metbugatynıň gysgaça mazmuny 07.03.2015

Ýeni Şafak” gazeti “Gülüň dalaşgärligi bähbitli bolar” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň 11-nji Prezident Abdulla Gülüň 7-nji iýunda geçiriljek saýlawda halk deputatlygy barada möhüm beýanat berendigini nygtap, “Abdullah Gülüň ygtyýarynda. Meniň pikirimçe şeýle karara gelse gowy bolar, bähbitli bolar” diýendigini ýazýar.
Gazet “Saýlawyň starty Hakkariden beriler” söz başyly habarynda, 7-nji iýundaky saýlawyň startynyň Hakkari welaýatynda beriljekdigini, bu barasynda beýanat beren Premýer ministr Ahmet Dawutoglynyň “Bilelikde täze Türkiýe” şygary bilen başlajak saýlaw propogandalarynyň çäginde 60 şähere barjakdygyny mälim edýär.
“Haber Türk” gazeti “Britaniýanyň Şazadasy Çarles we ogly Herri Çanakgaladaky dabara geler” söz başyly habarynda, Britaniýanyň mirasdar şazadasy Çarlesiň 24-nji aprelde Çanakgala welaýatynda Dardanel ýeňişiniň 100 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek dabara ogly bilen bilelikde gatnaşjakdygyny ýazýar. Gazet Prezident Erdoganyň ýeňişiň 100 ýyllygy mynasybetli 102 ýurduň liderine çakylyk ugradyp, liderleri Çanakgalada parahatçylyk üçin ýüzlenme bermäge çagyrandygy ýatladylýar.
“Sabah” gazeti “Türkiýäniň goldawy zenanlar mekdebi” söz başyly habarynda, Owganystanda Türkiýäniň goldaw bermeginde diňe aýal-gyzlar üçin niýetlenen ýokary okuw jaýynyň açylmagy barasynda karar kabul edilendigini ýazýar. Gazet Owganystanyň Prezidenti Eşref Ganiniň paýtagat Kabulda açylmagy meýilleşdirilýän hususy uniwersitet üçin Türkiýeden goldaw aýlandyklaryny nygtap, birnäçe aýyň dowamynda taslamanyň durmuşa geçiriljekdigini aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
“Star” gazeti “Türk gurluşyk firmasynyň dünýä rekordy” söz başyly habarynda, “Ronesans İnşaat A.Ş” firmasynyň Peterburg şäherinde gurýan Gazpromyň köp gatly binasynyň ýerzeminine 19624 m3 beton guýup, rekord performans bilen ony 49 sagadyň dowamynda tamamlandygyna ünsleri çekýär.
“Ýeni Şafak” gazeti “Fransiýa Akkuýu bekedi bilen gyzyklanýar” söz başyly habarynda, Fransiýanyň Türkiýedäki içlisi Lauren Biliniň “Fransiýa Akkuýu ýadro bekediniň gurluşygynda Russiýa bilen hyzmatdaşlyk edip biler” diýen sözlerini çap edýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar