Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 03.03.2015

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

245844
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 03.03.2015

“Haber Türk” gazeti “Siriýa ylalaşygy” söz başyly habarynda Saud Arabystanynda saparda bolan Prezident R. T. Erdoganyň Saud Arabystanynyň Şasy Al Suud bilen bolan duşuşygynda Siriýaly oppozisionerlere berilýän goldawyň güýçlendirilmegi babatynda ylalaşyk gazanylandygyny ýazýar.

Gazet saparyň çäginde Siriýa bilen birlikde Yrakda, Ýemende, Palestinada we Müsürde başdan geçirilýän wakalaryň seljerlendigini nygtaýar.
Gazet duşuşykda meshep çemeleşmesiniň sebite ýaramaz täsirini ýetirjekdige üns çekilendigini belleýär.
Gazet Prezident R. Erdogan bilen Saud Arabystanynyň Şasy Al Suudyň iki ýurduň arasyndaky syýasy, ykdysady, howpsyzlyk we goranyş taýdan edilýän hyzmatdaşlygyň güýçlendirilmegi barada pikir alyşandygy ýatladyldy.


“Sabah” gazeti “Mosul operasiýasyna 3 maddalyk goldaw” söz başyly habarynda Türkiýäniň Yragyň terror guramasy YSYS-a garşy Mosul şäherinde guraýan operasiýasy bilen ýakyndan gyzyklanýandygyny ýazýar.
Gazet Türkiýäniň operasiýanyň çäginde Yragyň merkezi hökümeti we Yragyň Kürt Awtanomiýasy bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etjekdigini belleýär.
Gazet Türkiýäniň operasiýanyň çäginde Yragyň ýaragly güýçlerine harby tälim we enjam kömegi bilen birlikde, derman, azyk we çadyr ýaly logistiki goldaw berjekdigini nygtaýar.
Gazet operasiýanyň çäginde şeýle hem Yragyň merkezi hökümeti we Yragyň Kürt Awtanomiýasy bilen maglumat çalşygynyň ýola goýuljakdygyny ýatladýar.


“Milliýet” gazeti “Günbatar Frakiýadaky türk azlygy deň hukukly raýatlyk isleýär” söz başyly habarynda Günbatar Frakiýa türkleriniň arkalaşyk jemgyýetiniň başlygy Taner Mustafaoglynyň Gresiýanyň Stambuldaky baş konsuly Nikolas Matthioudakis bilen duşuşandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
Gazet Taner Mustafaoglynyň duşuşykda grek wekiline Premýer ministr Aleksis Çiprasa gowşurmagy üçin ýörite hat berendigini nygtaýar.
Günbatar Frakiýa türkleriniň arkalaşyk jemgyýetiniň başlygy Taner Mustafaoglynyň hatynda “Günbatar Frakiýadaky türk azlygy Gresiýanyň aýrylmaz bölegi hökmünde sizden oňyn tutum alyp barmagyňyza garaşýar. Jemgyýetimiziň deň hukukly raýatlyk islemekden başga maksady ýok” diýen sözlerine ünsi çekýär.


“Ýeni Şafak” gazeti “Energetika önümçiliginde uly üstünlik” söz başyly habarynda 2015-nji ýylyň energetika önümçiligi baradaky habarnamanyň Türkiýäniň käbir ösen ýurtlara görä uly öňe gidişlik edendigini görkezýändigini ýazýar.


“Hürriýet” gazeti “Müňlerçe adam tanymal ýazyjyny soňky ýoluna ugratdy” söz başyly habarynda tanymal ýazyjy, parahatçylygy söýüji hökmünde bilinýän Ýaşar Kemalyň soňky ýoluna ugradylandygyny habar berýär.


“Star” gazeti “İslenmeýän adam Netanýahu şu gün Kongresde” söz başyly habarynda Ysraýylyň Premýer ministri Benýamin Netanýahunyň resmi Waşingtonyň görkezen ähli garşylyklaryna garamazdan şu gün Amerikan kongresinde çykyş etjekdigini mälim edýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar