Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 23.02.2015

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutuluýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

229057
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 23.02.2015

“Haber Türk” gazeti “Süleýman Şa” operasiýasynyň karary geçen aý kabul edildi” söz başyly habarynda, Premýer ministr Ahmet Dawutoglynyň Siriýada ýerleşýän Süleýman Şanyň aramgähiniň getirilmegi barasynda maglumat berendigini ýazýar. Habarda Dawutoglynyň “Çaknyşyklaryň möwjemegi sebäpli çäre görülmegi barada görkezme berdik. Hiç kimden rugsat alynmady. Goldaw soralmady. Karary hökümet etdi. Prezidentimiz tassyklady. Operasiýanyň wagty soňky pursada çenli gizli saklandy. Süleýman Şanyň aragähini terror guramasy YSYS-yň howpyndan halas etmek üçin tanklar, sowutly ulaglar we 572 esger bilen Siriýa baran Türk ýaragly güýçleri operasiýany üstünlik bilen tamamlap baýdagy ýaňadandan sütüne asdy” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
“Ýeni Şafak” gazeti “Taryhy pursat” söz başyly habarynda, aramgähiň täze ýeriniň Siriýanyň Eşme obasynda ýerleşjekdigini mälim edýär. Gazet Eşme obasynda ähli howpsyzlyk çäreleriniň görülendigini, iki jülgäniň arasynda we howpsyz zolakda ýerleşýän obanyň ýörite saýlanyp alynandygyny nygtaýar. Habarda obada Türk ýaragly güýçlerinin bir sany harby birliginiň bardygy, aragäh üçin taslamanyň taýarlanýandygy mälim edilýär.
“Hürriýet” gazeti “Hojaly gyrgynçylygy Ankarada hatyralandy” söz başyly habarynda, Azerbaýjanyň Hojaly etrapçasynda 1992-nji ýylyň 26-njy fewralynda ermeniler tarapyndan gyrylan azerbaýjanlylar üçin hatyralama çäresiniň geçirilendigine ünsleri çekýär. Hatyralama agşamynda çykyş eden Prezidentiň diwanynyň metbugat geňeşçisi İbrahim Kalynyň: “Parahatçylykdan yzgiderli ýagdaýda gaça durýan Ermenistana ýüzlenýärin. Türkiýe Kawkazda parahatçylyk, asudalyk, durnuklylyk we abadançylyk isleýär. Türkiýe taýar. Ermenistan taýarmy? Garabagyň azat edilmegi üçin ygtyýara eýe bolarmy? Türkiýä duşmançylyk edip, ýoýulan taryhdan ssenariler toslamak bilen hiç hili netijä baryp bilmejekdiklerine göz ýetirsinler” diýdi.
“Sabah” gazeti “Erdoganyň arzuw edýän ýerli awtoulagy Gelişim uniwersitetinden” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdogan tarapyndan ylmy maslahatlarda ýygy-ýygydan gün tertibine getirilýän “ýerli awtoulag” pikiriniň Stambulyň Gelişim uniwersiteti tarapyndan taýarlanandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet “Şol ugurda iş alyp baran mugallymlardan we talyplardan ybarat bolan topar uniwersitetiň mümkinçilikleri bilen ilkinji ýerli hem-de alternatiw ýangyç bilen işleýän ulag öndürdi” diýip ýazýar.
“Star” gazeti “Ýewropa saglyk dersini okadýarys” söz başyly habarynda, “Türkiýede saglyk hyzmatlarynyň we biliminiň hiliniň diýseň ýokarlandygyna ünsleri çekýär. Hassahanalarda robotly hirurgiýa bilen köp sanly ugurda üstünlikli operasiýalary amala aşyrýan hirurglar, şol tejribelerini hem sebitdäki hem-de Ýewropadaky kärdeşlerine öwredýär” diýip ýazýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar