Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 20.02.2015

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gazetlerde giň seslenme döredýär

225194
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 20.02.2015


“Haber Türk” gazeti “Tälim ber-üpjün et şertnamasyna gol çekişildi” söz başyly habarynda Türkiýe bilen ABŞ-nyň Siriýaly oppozisionerlere harby taýdan tälim berilmegini maksat edinýän tälim ber-üpjün et şertnamasyna gol çekişendigini habar berýär.
Gazet taraplaryň arasynda birnäçe wagtdan bäri geçirilýän gepleşiklerde taýarlanan şertnamanyň tekstine Daşary işler ministriniň orunbasary Feridun Sinirliogly bilen ABŞ-nyň Türkiýedäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly baş ilçisi Jon Bassyň gol çekendigini nygtaýar.
Gazet mart aýynda güýje girmegine garaşylýan şertnamanyň çäginde Türkiýede her ýyl siriýaly 2 müň oppozisionere harby taýdan tälim beriljekdigini ýatladýar.


“Haber Türk” gazeti “Türk akymynyň ugry” söz başyly başga bir habarynda rus Gazprom firmasynyň Türkiýäniň Energetika we tebigy serişdeler ministrligine hödürlän taslamasyna görä, her biri 15 milliard 750 million kub metr mümkinçiligine eýe bolan 4 aýry turbadan her ýyl 63 milliard kub metrlik tebigy gazy akdyrjak Türk akymynyň, Russiýadan Russkaýadan başlajakdygyny mälim edýär.
Gazet Garadeňizde çekiljek 910 kilometrlik geçirijiniň 660 kilometriniň Günorta Akym taslamasynyň ugry bilen Türkiýä çenli geljekdigini we Türkiýede 260 kilometrlik geçirijiniň guruljakdygyny belleýar.
Gazet Gazpromyň 2015-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda taslama badalga bermegi meýilleşdirýändigini ýatladýar.


“Ýeni Şafak” gazeti “Roketa tendri Hytaýda” söz başyly habarynda Türkiýäniň howadan goranyş ulgamyny gorajak roketa tendrinde Hytaýly CPMİEC firmasynyň üstünlik gazanandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
Gazet NATO agza ýurtlaryň, Hytaýa görkezen garşylyklaryna garamazdan täze teklip hödürlemändigini ýazýar.
Gazet Milli Goranmak ministri İsmet Ýylmazyň tendr etabynyň tamamlanandygy hakyndaky sözlerine ýer berýär.


“Star” gazeti “Türkiýede 4K ýaýlym döwri başlaýar” söz başyly habarynda dünýäde diňe 3 ýurtda bolan 4K ýaýlym taslamasynyň Türkiýede ilkinji gezek TRT, Türksat we Westel tarapyndan durmuşa geçirlendigini habar berýär.
Gazet TRT-niň Baş müdüri Şenol Gökanyň, Türksatyň Baş müdüri Prof. Dr. Ensar Gülüň we Westel firmalar toparynyň Ýerine ýetirijiler geňeşiniň başlygy Turan Erdoganyň gatnaşmagynda geçirlen dabarada 4K synag ýaýlymlaryna başlandygyny belleýär.
Gazet dabara Wise-premýer Ýalçyn Akdoganyň hem wideo şekilli gatnaşandygyny we 4K ýaýlymlarynyň dünýäde diňe Günorta Koreýada, İspaniýada we ABŞ-da bardygyny nygtamak bilen “Ýewropada 4K ýaýlymlaryna geçen ilkinji ýurt bolduk” diýendigini nygtaýar.


“Hürriýet” gazeti UEFA Ýewropa ligasynda Türkiýä wekilçilik edýän Beşiktaş futbol komandasynyň Britaniýada Liwerpul bilen bolan bäsleşiginde bäsdeşinden 1-0 hasaby bilen ýeňilendigini ýazýar.


 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar