Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 10.02.2015

Gündeklik gazetler dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giňişleýin orun berýär

215433
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 10.02.2015

“Haber Türk” gazeti “Prezident ulgamy üçin ses beriler” söz başyly habarynda, Prezident Erdoganyň Kolumbiýa gidişin möhüm beýanatlar berendigini ýazýar. Gazet R.T.Erdoganyn 7-nji iýundaky halk deputatlarynyň saýlawynda Türkiýe taýdan möhüm başlangyjyň ediljekdigini aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Habarda Erdoganyň konstitutsiýanyň täze tekstiniň taýarlanmagy üçin ýeterlik köplügiň üpjün edilmegi we prezident ulgamynyň getirilmegi taýdan möhüm bolan saýlawyň geçiriljekdigini nygtandygy mälim edilýär.
“Sabah” gazeti Ýewropanyň energetika kartasyny özgertjek “Türk Akymy” taslamasynyň ugrynyň kesgitlenmegi üçin taýarlyklaryň dowam edýändigini ýazýar. Gazet energetika we tebigy serişdeler ministri Taner Ýyldyz bilen Stambulda duşuşan Gazprom açyk paýdarlar jemgyýetiniň başlygy Alekseý Milleriň “Türk Akymy” turba geçiriji taslamasynyň kesgitlenmegi üçin dik uçar bilen barlag geçirendigini mälim edýär. Habarda 2040-njy ýylda energetika serişdelerine bolan global islegiň 37 göterime barabar artjakdygyny nygtan Taner Ýyldyzyň Türkiýäniň on ýýylda ýüz ýyllyk energetika maýa goýumyndan artyk maýa goýandygyny we 2023-nji ýyla çenli şol maýa goýumlaryny iki esse artdyrmagy göz öňünde tutýandygyny aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
“Ýeni Şafak” gazeti “Puluň hojaýynlary Stambulda” söz başyly habarynda, 21 ýurtdan 16 ministriň G-20-niň maslahatyna gatnaşmak üçin Stambula gelendigini ýazýar. Gazet halkara guramalaryndan 4 sanysynyň wekilleriniň gatnaşmagyndaky we Wise-premýer Ali Babajanyň ýolbaşçylyk etmegindäki maslahatyň işiniň şu gün tamamlanjakdygyny mälim edýär. Habarda Ali Babajanyň maslahata gatnaşmak üçin gelen ABŞ-nyň Merkezi bankynyň başlygy Žanet Ellen bilen duşuşandygy nygtalýar.
“Star” gazeti “Ýaşlaryň ýadynyň gowşaklygynyň sebäbi witaminsizlik” söz başyly habarynda, hünärmenleriň häzirki döwürde ýaşlar üçin uly meselelerden birine öwrülen ýatkeşligiň gowşamagynyň alsgeýmer ýa-da huşy gowşaklyk bilen garyşdyrylmaly däldigini aýdandygyna ünsleri çekýär. Gazet hünärmenleriň her bir adamyň şahsy özboluşlyklaryna we bilimine görä huşuny kämilleşdiriji maşyklaryň tapawutlydygyni nygtaýandygyny halk köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
“Hürriýet” gazeti “Ýoksul Afrikanyň kubogy hem gadyrsyz” söz başyly habarynda, Afrikanyň halklar kubogynyň finalynda Ganany jerime urgulary bilen ýeňen Pildişi Kanarynyň Afrikanyň futbol federasiýasy tarapyndan 15 million dollar pul baýragy bilen sylaglanandygyny ýazýar. Gazet dünýä kubogynda çempion bolan Germaniýanyň 35 million dollar, Ýewropa kubogynyň çempiony İspaniýanyň bolsa 23 million ýewro sylag alandygyny ýatladýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar