Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 09.02.2015

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

214852
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 09.02.2015

“Ýeni Şafak” gazeti “Türkiýäni takdyr gutlaýaryn” söz başyly habarynda Ýewropanyň günortasynda ýerleşýän goňşy ýurtlarda başdan geçirilýän wakalaryň özlerini aladalandyrýandygyny aýdan Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkeliň diňe Siriýadaky içerki uruşda 4 ýylda 220 müň adamyň ýogalandygyna, müňlerçe zenan bilen çaganyň zuluma sezewardygynyna aýratyn ünsi çekendigini belleýär.
Gazet Angela Merkeliň Siriýaly bosgunlar üçin edýän tagallasy mynasybetli Türkiýe bilen Liwany gutlandygyny ýazýar.
“Akşam” gazeti “Tizligi ýokarlandyrlan otly saparlary Habura çenli barar” söz başyly habarynda Nusaýbini demir ýoly arkaly Habur bilen birleşdirjek tizligi ýokarlandyrlan otly taslamasy üçin 1.770 milliard liralyk maýa goýuljakdygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
Gazet demir ýolunyň Jizreden we Silopiden geçip Haburyň üsti bilen Yraga çenli barjakdygyny belleýär. Taslamanyň tamamlanmagyndan soň Mardin bilen Şyrnak welaýatlarynyň arasynda doly aragatnaşyk ýola goýlar.
“Sabah” gazeti “Yzda esger galdyrmak ýok” söz başyly habarynda, Türk ýaragly güýçleriniň uçuşyň dowamynda duşmanyň howa giňişliginde uçardan bökmäge mejbur bolan uçarmanlaryň sag-aman ýurda getirilmegi üçin ýörite tälim berýändigini ýazýar. Habarda 1 ýyllyk mejbury tälimden geçen ýörite toparlaryň ýoldaşlaryny asudalyk bilen duşmanyň arasynda halas etmegi öwrenýändikleri nygtalýar. Gazet kartadan peýdalanmak, ýaz we gyş alpinizmi, lyžada typmak, harby paraşut, kowma we gaçma, öz-özüňi halas etmek ýaly ugur boýunça teoretiki hem-de tejribeli tälim alýan esgerleriň ähli synaglardan geçenden soň 7 adamly topara kabul edilýändiklerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
“Haber Türk” gazeti “Dünýäni sarsdyrýan tankly güýçler” söz başyly habarynda, harby täsiri azalandygy aýdylýan hem bolsa, köp sanly harby goşunyň entegem guryýer uruşlarynda tankarlardan peýdalanmaga dowam edýändigine ünsleri çekýär. Habarda Türkiýäniň hem şol ýurtlardan biridigi, 3763 tanky bilen sanawda onunjy ýerde durýandygy mälim edilýär. Türkiýäniň öňýanynda bolsa 3764 tank bilen Ukraina durýar. Hytaý bolsa 9000 tanky bilen ünsleri çekýär. Russiýa bolsa 22170 tanky bilen birinjiligi elden bermeýär.
“Hürriýet” gazeti “Ýangyç bizden syýahatçy Russiýadan” söz başyly habarynda, geçen ýyl Russiýadan daşary ýurtlara dynç almaga giden syýahatçylaryň sanynda 25 göterime barabar azalandygyny, emma Türkiýä gelen rus syýahatçylarynyň sanynyň 14 göterim artandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet şu ýylyň dowamynda-da rus syýahatçylarynyň sanynyň 30-35 göterime barabar azalmagyna garaşylýandygyny ýazýar. Habarda Türkiýäniň rus bazaryny elden gidirmezlik üçin Russiýadan geljek uçarlary ýangyç bilen üpjün etmelidigini nygtan “Esturyň” dolandyryjy geňeşiniň başlygy Mehmet Ersoýyň “Döwlet bu ugurda goldaw bermeli. Şeýle-de rus syýahatçylarynyň Türkiýä pasportsyz gelişleri ýola goýulmaly” diýen sözleri ýerleşdirilýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar