Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 02.02.2015

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

206165
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 02.02.2015

“Akşam”gazeti “Türk akymyna garaşylmadyk teklip” söz başyly habarynda Russiýanyň Günorta Akym tebigy gaz turba geçiriji taslamasyny bes edip, Türkiýä teklip eden “Türk Akymy” taslamasy etabynyň dowam edýändigini ýazýar.

Gazet Türk akymy taslamasy meselesinde “doganlyk ýurt liniýasy”meselesiniň gün tertibine getirlendigini belleýär.
Gazet Halkara Energetika ykdysadyýet bileleşiginiň başlygy Prof.Dr Gürkan Kumbaroglynyň Türk akymy taslamasynyň Frakiýadan soňky bölüminiň Makedoniýa, Kosowa we Bosniýa-Gersogowina ýaly ýurtlara çenli uzap biljekdigi” hakyndaky sözlerine ýer berýär.


“Star” gazeti “Yrakdan türk banklaryna çakylyk” söz başyly habarynda, ululygy 2 trillion lira barabar bolan türk bankçylyk pudagyna täze bölümleriň açylmagy üçin çakylyklaryň gelýändigini ýazýar.
Gazet goňşy ýurtlaryň türk banklarynyň öz ýurtlarynda bölümini açmagyny we maliýe pudagynda iş alyp barmaklaryny isleýändigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
Gazet soňky gezek geçen ýylyň ahyrynda Türkiýede saparda bolan Yragyň Premýer ministri Al Abadiniň türk banklarynyň öz ýurdunda bölümlerini açmagyny isländigini ýatladýar.


“Milliýet” gazeti “Türkiýe albinos hassalary üçin oba gurýar” söz başyly habarynda dünýäniň iň garyp 25-nji ýurdy hökmünde bellige alynan Tanzaniýada erbet çemeleşilýän albinos hassalarynyň rahat durmuşda ýaşamaklary üçin göreşýän Türkiýäniň Tanzadiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly baş ilçisi Ali Dawutoglynyň aýaly Ýeşim Dawutoglynyň “Türkiýe hassalyga sezewar bolan500 çaganyň ýaşamagy üçin oba gurýar” diýen sözlerine ýer berýär.
Gazet Türkiýe-Tanzaniýa ýardam gaznasynyň goşandy bilen guruljak obada 500 çaganyň rahat durmuşda ýaşajakdygyny nygtaýar.


“Haber Türk” gazeti “Sportdan 900 million dollarlyk girdeji” söz başyly habarynda Türkiýe syýahat agentlikleri bileleşiginiň 2014-nji ýylyň sport syýahatçylygy barada ýörite habarnama çap edendigini habar berýär.
Gazet habarnama görä geçen ýyl sport çärelerine gatnaşmak üçin Türkiýä gelen 550 müňden gowrak syýahatçynyň 900 million dollardan gowrak çykdajy edendigini nygtaýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar