Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 11.01.2015

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutuluýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

180955
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 11.01.2015

“Ýeni Şafak” gazeti “Yslamafobiýa Pariž dopingi” söz başyly habarynda, Fransiýadaky hüjümi musulmanlara garşy täze duşmançylyk akymyna öwüren yslamafobik töwerekleriň günbataryň mediasy arkaly Ýewropanyň halk köpçüligini yslam dünýäsine garşy herekete geçirendigini nygtaýar. Habarda mundan ozal daşary ýurt duşmançylygy hökmünde görülýän diskriminasiýanyň häzirki wagtda yslam we musulman duşmançylygy hökmünde täzeden formatlanandygyna ünsleri çekýär.
“Haber Türk” gazeti “Musulman kassir ýehudileri halas etdi” söz başyly habarynda, Parižde ýehudileriň söwda edýän supermarketine guralan hüjümde möhüm bir detalyň ýüze çykandygyna ünsleri çekýär. Gazet supermarketde kassir bolup işleýän malili musulmanyň biri 1 aýly bäbek 15 adamy halas edendigini ýazýar. Habarda hüjümçi Amadi Kolibali girip od açan mahaly supermarkediň ammarynda bolan malili ýigidiň, wakadan soň 15 adamy daşary çykarandygy, olaryň ählisiniň musulmana sagbolsun aýdandygy nygtalýar.
“Watan” gazeti “gümrük we söwda ministri Nurettin Janiklinin Yrak serhedindäki gümrük geçelgeleriniň sanynyň gysga möhletde 4-e ýetiriljekdigini aýdandygyny mälim edýär. Gazet Yrakda häzirki wagtda açyk bolan ýeke-täk geçelgäniň Habur gümrük geçelgesidigini we onuň islegleri kanagatlandyrmaýandygyny aýdan ministri Janikliniň “Haburdan günde ortaça 2 müň geliş, 2 müň çykyş, jemi 4 müň ulag geçiýär. İň ýokary çäge gelindi. Geljekda gatnawyň has-da artmagyna garaşylýar. Şol sebäpli Yraga gümrük geçelgeleriniň sanyny artdyrmakçy” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
“Sabah” gazeti “1 milliard dollarlyk maglumat satdyk” söz başyly babarynda” ylym, senagat we tehnologiýa ministri Fikri Yşygyň Türkiýäniň 2014-nji ýylda 1 milliard dollara golaý maglumat eksport edendigini aýdandygyna ünskeri çekýär.
“Ýeni Şafak” gazeti “Kardawi üçin bilelikde beýanat” söz başyly habarynda, Müsüriň hökümetiniň islegine laýyklykda İnterpol tarapyndan gyzyl býulleten çykarylan Bütindünýä musulman alymlary bileleşiginiň başlygy Ahmet Kardawini türkiýeli alymlaryň ýalňyz goýmandygyny ýazýar. Gazet 30 adam tarapyndan gol goýlan bilelikdäki beýanatda “Bu musulman alymyny harby agdarlyşyk bilen iş başyna gelen hökümetiň ynsabyna tabşyrmazlyk üçin gerek bolan ähli çäre görülmeli” diýilýändigini nygtaýar.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar