Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 10.01.2015

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

179851
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 10.01.2015

“Star” gazeti “2 ýyl soň Türkiýä ýene Patriot roketasy geldi” söz başyly habarynda Adana şäherinde Gollandiýa tarapyndan gurulan we 2 ýyllyk iş möhledi tamamlanan Patriot roketa goranyş ulgamlarynyň ýerine İspaniýadan täze roketa goranyş ulgamlarynyň gelendigini ýazýar.

Gazet 2 gäminiň Hataýyň İskenderun etrapçasyndaky porta İspaniýadan roketa goranyş ulgamynda ulanyljak enjamlary alyp gelendigini belleýär.


“Ýeni Şafak” gazeti “Ýarym Gyzylaý jemgyýetinden Siriýa 840 million liralyk kömek” söz başyly habarynda Türk Ýarym Gyzylaý jemgyýetiniň içerki urşuň başlan ýyly bolan 2012-nji ýyldan bäri Siriýada 12 müň 350 konteýner bilen 840 million liralyk kömek ugradandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
Gazet Ýarym Gyzylaý jemgyýetiniň baş müdüriniň orunbasary Mintez Şimşekgiň “Siriýadaky düşelgelerde ýaşaýan 125 müň adama ynsanperwer kömegini berdik”diýen sözlerini ýatladýar.


“Milliýet” gazeti “Frakiýada tebigy gaz tapyldy” söz başyly habarynda Frakiýada iş alyp barýan Kanadaly Marsa energetika firmasy tarapyndan Poýraz giňişliginde täze tebigy gaz ätiýajynyň tapylandygyny habar berýär.
Gazet Marsa energetika firmasy tarapyndan berlen beýanatda “600 million kub metrlik täze tebigy gaz ätiýajy tapyldy” diýlendigini belleýär.
Gazet jemi tebigy gazyň gymmatynyň 86 million dollara barabardygyna ünsi çekýär.


“Radikal” gazeti “Taýar geýimde uly rekord goýuldy” söz başyly habarynda Türkiýäniň eksportynda esasy orun eýeleýän taýar geýim pudagynyň eksportynyň 2014-nji ýylyň ahyrynda 18,7 milliard dollara barabar bolandygyny ýazýar.
Gazet soňky 10 ýylyň iň uly rekordyny goýan pudagyň eksportynda 20 göterim bilen Germaniýanyň esasy orun eýeleýändigini nygtaýar.
Gazet Germaniýadan soň nobaty bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň, İspaniýanyň we Fransiýanyň gelýändigini belleýär.


“Star” gazeti “500 milliard dollar üçin Türkiýä gelýär” söz başyly habarynda 2018-nji ýyla çenli söwda mukdaryny 500 milliard dollara çykarmagy maksat edinýän D-8 Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň Baş sekretary Seýýid Ali Muhammed Musawiniň D-8-e agza ýurtlaryň söwda ministrleriniň iki aý soň meseläni Türkiýede ara alyp maslahatlaşjakdyklary hakyndaky sözlerine ýer berýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar