Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 08.01.2015

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutuluýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

177373
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 08.01.2015

“Radikal” gazetiniň internet saýtynda “Türkiýäniň Pariždäki gyrgynçylyga reaksiýasy” söz başyly habarynda, Fransiýanyň paýtagty Parižde 12 adamyň öldürilen “Çarli Hebdo” atly žurnalyň redaksiýasyna guralan hüjüme Türkiýäniň berk reaksiýa görkezendigini mälim edýär. Gazet daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly “Türkiýe terroryň ähli görnüşini ýazgarýar” diýen bolsa, medeniýet we syýahatçylyk ministri Ömer Çeligiň “Bu bütin adamzada guralan hüjüm. Ýazgarýaryn” diýendigini ýazýar.
“Sabah” gazeti “Taner Ýyldyz: “ÝB-ne goldaw beren üç ýurtdan biri biz” söz başyly habarynda, energetika we tebigy serişdeler ministri Taner Ýyldyzyn “ÝB-ne syýasy sebäplerden kabul edilmedik bolup bileris. Emma energetika pudagy boýunça barlag-seljeriş tapgyrynyň açylmandygyna garamazdan ÝB-ne agza 28 ýurda goldaw beren üç ýurtdan biri biz” diýen sözlerine ünsleri çekýär. Habarda ministr Ýyldyzyň “Energetika serişdeleriniň parahatçylykly maksatlar üçin peýdalanylmagyny isleýäris we ony ygrarly syýasat, ygrarly Türkiýe syýasaty üçin durmuşa geçirýäris” diýen sözleri ýerleşdirilýär.
“Milliýet” gazeti “Barbaros ýene-de üç aý gaz gözlär” söz başyly habarynda, Kipriň grek böleginiň bir taraply häsýetde Ortaýer deňzinde tebigy gaz gözleg işlerini dowam etdirmegi sebäpli kiprli türkleriň adyndan seismiki barlag alyp barýan “Barbaros Haýrettin Paşa” Türkiýä degişli gäminiň iş möhletiniň 6-njy aprele çenli uzaldylandygyny mälim edýär. Gazet Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň Prezidenti Derwiş Eroglynyň “grekleriň ylalaşyksyz çemeleşmeleri we barlag işlerini dowam etdirjekdiklerini beýan etmekleri sebäpli çykgynsyzlyk dowam edýär” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
“Akşam” gazeti “Gündogar çarpaýa galar” söz başyly habarynda, transport, deňizçilik we aragatnaşyk ministri Lütfi Elwanyň Türkiýäniň 3-nji asma köprüsi we Adyýaman bilen Diýarbakyr welaýatlarynyň arasyndaky gara ýolyny gysgaltjak Nissibi köprüsinde peýdalanylan usul we tehnologiýa taýdan Türkiýäniň ilkinji, dünýäniň saýlama köprülerinden biridigini aýdandygyna ünsleri çekýär. Habarda ministr Elwanyň “Türkiýe indi dünýäniň iň döwrebap, iň ösen tehnologiýalaryny özleşdirýän, durmuşa geçirýän pozisiýa eýe boldy. Şol köpri Günorta-gündogar Anadoly sebitiniň bir bölegini günbatar etraplary bilen birleşdireris” diýen sözleri ýerleşdirilýär.
“Watan” gazeti “Ruslaryn Türkiýede ýüz öwürip bilmeýän şäheri” söz başyly habarynda, rus syýahatçylarynyň esasanda Antalýany halaýandygyny, şol sebäpli hem Türkiýede iň köp Antalýa gelýändiklerini mälim edýär. Gazet 2014-nji ýylda Antalýa gelen rus syýahatçylarynyň sanynyň 3,52 göterim artyp, 11 million 941 müň 954 adama ýetendigini nygtaýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar