Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 03.01.2015

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

169666
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 03.01.2015

“Akşam” gazeti “Ýeşilýurtda täze buthana gurlar” söz başyly habarynda Premýer ministr Ahmet Dawutoglynyň azlyk jemagatlaryň wekilleri bilen Dolmabahçe köşgünde günorta naharynda duşuşandygyny ýazýar.

Gazet duşuşykda abatlaýyş işlerinden daşary Türkiýäniň taryhynda ilkinji gezek täze buthananyň gurulmagy barada kararyň kabul edilendigini nygtaýar.
Gazet karara laýyklykda sürýani jemagaty tarapyndan Stambulyň Ýeşilýurt etrabynda buthananyň guruljakdygyny ýatladýar.


“Milliýet” gazeti “Bütin dünýä potratçylaryna türk başlyk” söz başyly habarynda Türkiýäniň Potratçylar bileleleşiginiň başlygynyň wekili Emre Aýkaryň dünýäniň gurluşyk pudagynyň esasy organy hasaplanylýan Halkara potratçylar bileleşigi konfederassiýasynyň dolanşyk geňeşiniň başlyklygyna saýlanandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýar.
Gazet Emre Aýkaryň 63 agzasy bolan 5 trillion dollarlyk iş mümkinçiligi bilen 150 million adama iş mümkinçiligini hödürleýän Halkara potratçylar bileleşigi konfederassiýasynyň dolanşyk geňeşiniň başlyklygyny ýerine ýetirjekdigini belleýär.


“Haber Türk” gazeti “Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň ilkinji uçar gämisi 2019-njy ýylda Ortaýer deňzinde” söz başyly habarynda Prezident R. T. Erdoganyň ýolbaşçylyk etmeginde geçirlen Milli Howpsyzlyk gullugynyň maslahatynda Milli uçar gämisi bilen baglanşykly strategik kararlaryň kabul edilendigini habar berýar.
Gazet Türkiýäniň milli uçar gämisiniň 2019-njy ýylda Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň inwentaryna girjekdigini nygtaýar.


“Star” gazeti “Türkiýe arzan önümçililikde Hytaýyň yzyndan ýetdi” söz başyly habarynda The Boston Consulting Group tarapyndan çap edilen Önümçilik senagatynyň maliýe indeksine görä önümçilik senagatynda global deňagramlylygyň üýtgeýändigine ünsi çekýär.
Gazet geçirlen barlagara görä arzan önümçilikde Hytaýyň pese gaçmaga, ABŞ-nyň bolsa ýokarlamaga başlandygyny belleýär.
Gazet sanawda ýerini gorap saklaýan Türkiýäniň bolsa birnäçe uly firma tarapyndan sebitara önümçilik merkezi hökmünde ulanylmaga dowam edýändigini ýatladýar.


“Milliýet” gazeti Türkiýäniň 2014-nji ýyldaky eksportynyň 4 göterim ýokarlandygyny we 157,6 milliard dollara barabar bolandygyny ýazýar.
Gazet türk harytlarynyň esasan hem Germaniýa, Yraga, Britaniýa, İtaliýa we Eýrana eksport edilendigini belleýär.
Gazet salgyt ýeňilliginiň döredilmegi sebäpli eksportda göwher pudagynyň esasy orun eýeländigini nygtaýar.
Gazet göwher eksportynyň 2014-nji ýylda 38 göterim ýokarlandygyny ýatladýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar