Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 31.12.2014

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutuluýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

166932
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 31.12.2014

“Watan” gazeti “Türkiýe peşmergä harby kömek” söz başyly habarynda, Türkiýäniň peşmerge güýçleri üçin harby tälim goldawy bilen birlikde harby enjam kömegini berýändigini ýazýar. Gazet harby enjamlaryň ýük ulagy bilen Kürt Awtanomiýasynyň ýolbaşçylaryna gowşurylandygyny, Türkiýäniň resmi edaralarynyň harby enjam kömeginiň geljekde-de dowam etjekdigini aýdandygyny, peşmergäniň ýolbaşçylarynyň bolsa Türkiýäniň özlerine berýän ähli goldawlaryna hoşallyklaryny bildirendiklerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
“Star” gazeti “Türk howaýollaryndan Ysraýyla manyly ýüzlenme” söz başyly habarynda, Türk howaýollarynyň web saýtyndan onlaýn bilet almak üçin girenleriň täsin maglumat bilen tanyş bolýandygyna ünsleri çekýär. Habarda saýtdan bilet alyş ekranynda Palestinanyň telefon kody hem iňlis hem-de türk dilinde “Basylyp alynan Palestina” görnüşinde berilýändigi nygtalýar. Gazet Ysraýylyň birnäçe aý mundan ozal Gaza guran operasiýalarynyň dowamynda Türk howaýollarynyň Tel-Awiwe guraýan saparlaryny bes edip, Türkiýeden Ysraýyla uçuşlary birnäçe wagtlap saklandygyny ýazýar.
“Sabah” gazeti “Mardin howa menzili dünýä bilen gatnaşyga açylar” söz başyly habarynda, köp sanly medeniýete ýer eýeçiligini eden, syýahatçylaryň üns merkezine öwrülen Mardin welaýatynda gurluşygy tamamlanan halkara howa menziliniň günorta-gündogar Anadoly sebitini dünýä bilen birleşdirjekdigini mälim edýär. Habarda gubernator Mustafa Taşkeseniň Mardiniň günorta-gündogar welaýatlarynyň esasy syýahatçylyk merkezlerinden biridigini nygtap, şäheriň ýylda bir million ýerli hem-de daşary ýurtly syýahatçyny kabul edýändigini aýdandygy okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirilýär.
“Akşam” gazeti “Rus kosmonawty Stambulyň fotosuratyny paýlaşdy” söz başyly habarynda, Halkara kosmos bazasynda işleýän rus kosmonawty Anton Şaplerowyň twitter hasabynda kosmosdan alynan fotosuratlary goýandygyny ýazýar. Gazet ilki Krymyň fotosuratyny goýan Şaplerowyň soň Stambulyň fotosuratyny goýandygyny, bogazyň Mermer we gara deňizlerini, şeýle-de iki kontinenti birleşdirýändigini ýazan rus kosmonawtynyň fotosuratynda üçünji bogaz köprüsini ünsden düşürmändigini mälim edýär.
“Milliýet” gazeti “Ysraýylly ministrler “Soltana” tomaşa edýär” söz başyly habarynda,Ýakyn Gündogardan Latyn Amerika ýurtlaryna çenli millionlarça adamy ekranlara bendi eden “Ajaýyp Asyr” serialynyň Ysraýylda-da reýting rekordlaryny goýandygy, hat-da Ysraýylda ministrleriň hem serialy sypdyrman tomaşa edýändigi okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirilýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar