Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 27.12.2014

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar.

162131
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 27.12.2014

“Haber Türk” gazeti “Has erbet bolup bilmez” söz başyly habarynda Ykdysadyýet ministri Nihat Zeýbekçiniň 2014-nji ýylyň jemleri barada beren beýanatynda Türkiýäniň eksport taýdan esasy merkezler hasaplanylýan ÝB-de, Russiýada, Yrakda we daş-töwereginde başdan geçirilýan makro ykdysady, syýasy we geo syýasy kynçylyklara garamazdan 10 aýdaky eksportynyň geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 5,6 göterim ýokarlandygy we 131,4 milliard dollara barabar bolandygy hakyndaky sözlerine ýer berýär.

Gazet ministr Nihat Zeýbekçiniň “2015-nji ýyl daşarky söwda taýdan has düşümli ýyl bolar”diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.


“Sabah” gazeti “EMİTT ýarmarkasyna umyt bagladylar” söz başyly habarynda dünýäniň iň uly syýahatçylyk ýarmarkalaryndan biri bolandygy sebäpli ünsleri özüne çekýan 19-njy EMİTT ýarmarkasynyň 2015-nji ýylyň ýanwar aýynyň 22-25-i aralygynda geçiriljekdigini ýazýar.
Gazet nebitiň bahalarynyň aşaklamagy bilen ykdysady taýdan uly kynçylygy başdan geçirýän Russiýa sebäpli syýahatçylaryň şu ýyl EMİTT ýarmarkasyna umyt baglandygyny nygtaýar.
Gazet 70 ýurtdan 4 müň firmanyň we ýüz müňlerçe adamyň gatnaşmagynda geçiriljek ýarmarkada türk syýahatçylyk pudagynyň wekilleriniň mümkinçiliklerini tanatmak üçin uly tagalla etjekdiklerini ýatladýar.


“Ýeni Şafak” gazeti “Türk ýarym Gyzylaý jemgyýeti 3 materikde iş alyp barýar” söz başyly habarynda Türk ýarym Gyzylaý jemgyýetiniň Ýakyn Gündogarda, Balkanlarda, Aziýada we Ýewropada onlarça ýurda berýän insanperwer kömekleri bilen dünýaniň iň uly haýyr-sahabat guramalary bilen bäsleşýändigini habar berýär.
Gazet Türk ýarym Gyzylaý jemgyýetiniň başlygy Akaryň Sri Lankada we İndoneziýada 2004-nji ýylda başdan geçirlen sunamy apatynda gözleg we halas ediş işlerine goldaw berendikleri hakyndaky sözlerine ünsi çekýär.
Gazet Türk ýarym Gyzylaý jemgyýetiniň Pakistanda bolan sil apatyndan we ýer titremesinden soň Pakistanyň halkyna, Garadaga, Kosowa we Bosniýa-Gersogowina bilen birlikde birnaçe ýurda ynsanperwer kömegini berýändigini ýatladýar.


“Akşam” gazeti “Stambulda uly park gurulýar” söz başyly habarynda dünýäniň iň uly şäher parklaryndan biri boljak “Almaly şäher tokaýy”parkynyň Stambulda gurulýandygyny ýazýar.
Gazet Nýo Ýorkdaky Central park, San Fransiskodaky Golden Gate park, Wenada Wiener Prater, Pariždaki Bois de Boulogne parklaryndan has uly boljak parkyň ýagny “Almaly şäher tokaýynyň” dünýäniň iň uly şäher tokaýlaryndan biri boljakdygyny nygtaýar.
Gazet parkda gurulýan emeli köliň gurluşygynyň 80 göteriminiň tamamlanandygyny ýatladýar.


“Star” gazeti “Eýranlylar kosmetika köp pul sarp edýär” söz başyly habarynda Eýranyň ýylda 2 milliard dollarlyk kosmetiki önüm satyn alýandygyny habar berýär.
Gazet Eýranyň kosmetiki önümleriň sarp edilşi taýdan dünýäde 7-njy orny eýeleýändigini belleýär.
Gazet Eýranyň kosmetiki önümleri esasan hem Hytaýdan, Türkiýeden we Taýlantdan import edýändigini nygtaýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar