Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 14.12.2014

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

148175
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 14.12.2014

“Ýeni Şafak” gazeti “Jenaýatyň şärigi London” söz başyly habarynda, Pakistanda, Bagram tussaghanasynda we Guantanamoda elhenç gynamalara sezewar bolan Moazzam Beggiň tussaglykda mahalynda iňlis MI5 we MI6 içalylylary tarapyndan birnäçe geçen sorag edilendigini aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet iňlis raýaty bolan Beggiň başdan geçirilenleri barasynda “Menden başga 15 sany iňlis raýaty bardy. Biriniň kellesi birnäçe gezek diwara urlulýarka ýanlarynda MI5-iň içalylary bardy. İňliz howpsyzlyk gullugynyň ähli tapgyrlara gatnaşandygyna hiç hili şek-şübhe ýok” diýendigini ýazýar.
“Ýeni Şafak” gazeti “Eýsem Asadyň gynamalary näme” söz başyly habarynda, Amerikanyň Merkezi razwedka gullugynyň geçmişde galan pajygaly tejribelerine garşylyk görkezip ynjalýan dünýäniň, Siriýadaky tussaghanalarda başdan geçirilen zulumy we gyrgynçylyklary girmediksireýändigine ünsleri çekýär. Gazet ýurtdaky tussahanalarda bellige alynmadyk 85 müň adamyň yzgiderli ýagdaýda gynalýandygyny nygtaýar.
“Akşam” gazeti “Medeniýetimiziň özeninde söýgi we jebislik bar” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Möwlananyň aradan çykan gününe bagyşlanyp Stambulda geçirilen hatyralama çäresine gatnaşandygyny mälim edýär. Gazet Erdoganyň çärede sözlän sözünde “Medeniýetimiziň özeninde we şu günki günlere gelip ýetmeginde Möwlananyň eserleriniň paýy uly. Möwlananyň hikmetli sözleri beýik doganlyk yklymyny emele getirdi. Şol medeniýetde jebislik, yşk, dostlyk, söýgi bar” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
“Milliýet” gazeti “Babajan: 2015-nji ýyl hasam gowy bolar” söz başyly habarynda, Wise-premýer Ali Babajanyň 2015-nji ýylyň merkezi dolandyryş býujetiniň taslamasy baradaky maslahatda sözlän sözlerine ünsleri çekýär. Gazet Türkiýäniň ykdysady görkezijileriniň geljek ýyl has gowy boljakdygyna ünsi çeken Babajanyň “Ösüş depginimiz 2015-nji ýylda 2014-nji ýyl bilen deňeşdirilende has ýokary bolar” diýen sözlerini ýerleşdirýär.
“Sabah” gazeti “Türkiýe daşary ýurtlylar üçin howpsyzlyk port” söz başyly habarynda, Gurluşyk we daşky gurşaw maslahatyna gatnaşan Garaşsyz senagatçy we işewür adamlary jemgyýeti MÜSİAD-yň gurluşyk pudagy boýunça ýolbaşçysy Burhan Özdemiriň çykyşyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Habarda Özdemiriň “Türkiýedäki ýaşaýyş jaý islegi 2008-nji ýylda dünýäde başdan geçirilen ykdysady çökgünlikden soň artdy, daşary ýurtlular üçin ýurdumyz howpsyz maýa goýum portuna öwrüldi” diýen sözlerine üns çekilýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar