Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 04.12.2014

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

137343
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 04.12.2014

“Sabah” gazeti “YSYS-a garşy göreş uzak ýyllar dowam edip biler” söz başyly habarynda, ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerriniň Yrakda we Siriýada müňe golaý howa hüjümi bilen YSYS-a uly zarba urulandygyny, emma şol göreşiň uzak ýyllar dowam edip biljekdigini aýdandygyny ýazýar. Gazet 60 ýurduň Brýusselde döreden NATO hyzmatdaşlygynyň maslahatynda çykyş eden Jon Kerriniň Türkiýä ýakyn howpsyzlyk zolagyň döredilmegi barada-da durup geçendigini nygtap, “Netijä golaýdygymyzy ýa-da haýsydyr bir howpsyz zolagyň dörediljekdigini öňe sürmek ýerliksiz bolar” diýendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
“Watan” gazeti “Dünýäniň esasy 40 ykdysadyýeti” söz başyly habarynda, Bütindünýä bankynyň dünýäniň ykdysady taýdan ösen 40 ýurdunyň sanawyny taýarlandygyny mälim edýär. Habarda Türkiýäniň sanawda birinji 20-lige degişlidigi, 18-nji ýeri eýelän Türkiýänin Şweýsariýa, Şwesiýa, Belgiýa, Norwegiýa ýaly köp sanly ýurtdan öňe geçendigi nygtalýar.
“Star” gazeti “Türkiýeden ABŞ-na 175 müň ulag eksport ediler” söz başyly habarynda, “Tofaşyň” Türkiýäniň global söwda ulaglarynyň önümçilik merkezine öwrülmeginde esasy orny eýeleýän “Doblo” modelini ABŞ-na we Kanada eksport etmäge başlandygyny okjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet “Doblo Amerika modeliniň” “Tofaşyň” Bursadaky zawodynda geçirilen dabara bilen ugradylandygyny ýazýar.
“Ýeni Şafak” gazeti “Özgertmeler otlusy taýar” söz başyly habarynda, Wise-premýer Ali Babajanyň Türkiýäniň 2023-nji ýyla çenli bolan döwür üçin kesgitlenen 25 maddadan ybarat bolan iş meýilnamasynyň doly taýardygyny aýdandygyna ünsleri çekýär. Habarda Ali Babajanyň “Ugrumyz belli. İşimiz özgertmeleri taýarlamak. 2023-nji ýylda dolulygyna özgeren Türkiýe üçin onuň hötdesinden gelinäýmeli” diýen sözleri ýerleşdirilýär.
“Akşam” gazeti “Stambul 2014-nji ýylda 11 million syýahatçyny kabul etdi” söz başyly habarynda, ýylyň 11 aýlyk döwründe şähere gelenleriň düzüminde nemesleriň 10,2 göterim bilen birinji ýeri eýeleýändigini, arap ýurtlaryndan gelenlerin sanynyň bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 28 göterim artandygyny mälim edýär. Habarda Eýranyň bolsa 50 göterim artyş bilen iň köp artan ýurt bolandygy nygtalýar. Gazet Stambula Germaniýadan, Fransiýadan, Gollandiýadan, Awstriýadan, Şweýsariýadan gelýän syýahatçylaryň sanynyň geçen ýyla görä artandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar