Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 21.11.2014

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutuluýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

200593
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 21.11.2014

“Ýeni Şafak” gazeti “Operasiýanyň guralmagyna ýola goýan Türkiýe” söz başyly habarynda, YSYS-yň Yragyň Kürt Awtanomiýasyndaky Sinjar we Mahmur etraplaryna hüjüm guramagyndan soň dünýäniň we Türkiýäniň halk köpçüliginde emele gelen “Türkiýe kürtlere arka çykmady” pikiriniň tersine, Türkiýeden Kürt Awtanomiýasyna gyssagly kömegiň ýetirilendigini mälim edýär. Gazet Kürt Awtanomiýasynyň metbugat geňeşçisi Sefin Dizaýiniň “Hüjümler başlan badyna Türkiýeden 72 sagadyň dowamynda ýarag, harby enjamlar we ynsanperwer kömegi geldi” diýen sözlerini çap edýär.
“Akşam” gazeti “Tälim ber-üpjün et üçin howpsyzlyk zolak” söz başyly habarynda, Türkiýe bilen ABŞ-nyň arasynda ylalaşylan Azat Siriýa Goşunyna tälim berilip, üpjün edilmegine näme sebäpden başlmandygynyň belli bolandygyny ýazýar. Gazet resmi Ankaranyň Siriýanyň demirgazygynda howpsyzlyk zolagyň döredilmegini şert goýandygyny mälim edýär. Diplomatik çeşmeler “Azat Siriýa Goşunyna tälim berilip, üpjün edilenden soň Asad gelip bomlan halatynda edilen işler puç bolar” diýendigi nygtalýar.
“Sabah” gazet “Afrika 5 million dollarlyk kömek” söz başyly habarynda, daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň 2-nji Türkiýe-Afrika Hyzmatdaşlyk Maslahatynda eden çykyşynda saglygy goraýyş pudagynyň hem güýçlendirilen pudaklardan biridigini nygtandygyny mälim edýär. Gazet ministr Çawuloglynyň kontinentde duş gelinýän kynçylyklary kampaniýalar, önjeýliligi artdyryş meýilnamalary we iş ussahanalary arkaly ýeňip geçmäge synanşýandyklaryny aýdandygyny ýazýar. Habarda Türkiýäniň ebol epidemiýasyna garşy maliýe serişdelerini ulanmaga başlandygyny gürrüň beren Çawuşoglynyň 5 million dollarlyk kömek bukjasynyň üstünde işleýändiklerini aýdandygy okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirilýär.
“Haber Türk” gazeti “Dğnýäde hiç kim Türkiýäni Eýran ýaly söýmez” söz başyly habarynda, Eýranyň Türkiýedäki ilçisi Alireza Bikdeliniň “Şuňa doly ynanyň: dünýäde hiç kim Türkiýäni Eýran ýaly söýmez. Biz Türkiýäniň taryhda öz janymyz we medeniýetimiz bilen şol dir geçmişe esaslanýandygyny bilýäris” diýen sözlerine ünsleri çekýär. Habarda Baş ilçi Bikdeliniň “Soňky ýyllarda goýlan embargolar sebäpli Türkiýäni has ýakyndan tanamaga mejbur boldyk. Ol hem Eýrana Eýrana goýlan embargonyň oňyn tarapy” diýen sözleri çap edilýär.
“Sabah” gazeti “Çilim çekýänleriň sany azaldy” söz başyly habarynda, Türkiýe çilime garşy göreş jemgyýetiniň başlygy doktor Mustafa Aýdynyň halka çilimiň zyýanlary barasynda maglumat berendiklerini nygtap “Türkiýede 15 ýyl ozal 30 million çilimkeş bar bolsa, ol şu günki günde 20 milliona düşdi” diýendigini nygtaýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar