Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 16.11.2014

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

192015
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 16.11.2014

“Ýeni Şafak” gazeti “Kubadaky şol depä metjit gelişer” söz başyly habarynda, Latyn Amerikanyň musulman liderleriniň maslahatyna gatnaşan Prezident R.T.Erdoganyň Kubadan gelen wekillere çagyryş edendigini ýazýar. Gazet Erdoganyň “Amerika kontinentine Kolumdan 314 ýyl ozal musulman deňizçileri bardy. kolumb ýatlamalarynda Kubanyn kenarlarynda dagyň depesinde bir metjidiň bardygyny gürrüň berýär. Şol depä häzirem bir metjit gelişer” diýendigini nygtaýar.
“Akşam” gazeti “Buthana gurulsa aýaga galarlar” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Ysraýylyň Al-Aksa metjidine garşy hüjümlerine reaksia görkezmedik günbatar ýurtlaryny berk ýazgarandygyna ünsleri çekýär. Gazet dünýäden Ysraýyla hiç hili reaksiýanyň bildirilmändigini nygtan Erdoganyň “Olaryn ybadathanalaryna biziň ýurtlarymyzda şeýle hüjüm guralsa dünýä näme ederdi? Al-Aksa dine bir palestinalylaryňky däl, bütin dünýäniň musulmanlarynyň ilkinji kyblasyndan biri. Ählimiziň üstüne düşýän jogapkärçilik bar” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
“Sabah” gazeti “Siriýada 3-nji güýç baradaky ylalaşyk” söz başyly habarynda, Premýer ministr Ahmet Dawutoglynyň G-20-niň maslahatynda liderlere berilen resmi naharda ABŞ-nyň Prezidenti Obama bilen bile oturandygyny belleýär. Gazet Dawutoglynyň bir sagat dowam eden söhbetini we ýetilen sepgidi şeýle beýan edýär: Siriýa we Yrak meselesinde onsuz hem birnäçe wagtdan bäri ABŞ bilen aragatnaşyk saklaýarys. Soňunda ylalaşdyk: Siriýada parasatly oppozisionerlere we Azat Siriýa Goşunyna güýçli goldaw bermek. Ýagny YSYS bilen Asadyň arasynda üçünji bir güýç döretmek.” Gazet Dawutoglynyň şu sözlerine ünsleri çekýär: “Esasy mesele elbetde Siriýa we Yrak boldy. emma Mýanmada musulmanlary goldaýan garaýyşy üçin sagbolsun aýtdym.”
“Watan” gazeti “Ömür boýy Gaza gitmek gadagan” söz başyly habarynda, Ysraýylyň Şifa hassahanasynda 30 ýyldan bäri müňlerçe palestinalyny bejeren, başdan geçirilen wakalary gürrüň beren norwegiýaly lukman Mads Gilberdiň Gaza gitmeginiň ömür boýy gadagan edendigini ýazýar.
“Milliýet” gazet “İnfarktyň öňüni alýan öýjük” söz başyly habarynda, Ankaradaky Turgun Ozal adyndaky uniwersitetde taýarlanan we meşhur Amerikan okuw jatýy MİT tarapyndan solaglanan “Ýüregiň çalşyrylmagy taslamasy” bilen infarktyň haçan boljakdygyny öňünden kesgitläp, öňüni almagyň mümkin bolup biljekdigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar