Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 15.11.2014

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär.

191020
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 15.11.2014

“Star”gazeti “Nemes ministrden öwgüli sözler: Türkiýeden görelde almalydyrys” söz başyly habarynda Türkiýä guran 3 günlük resmi saparyny tamamlan Germaniýanyň Bawýera Ştatynyň Ýewropa ministri Beate Merkiň Münçener Merkur gazetine beren beýanatynda “Ýewropa hökmünde bosgunlar meselesinde Türkiýeden görelde almalydyrys” diýendigini ýazýar.

Gazet Siriýa serhedindäki bosgun düşelgesine baryp gören nemes ministriň “Türkiýe resmi bolmadyk görkezijilere 2 milliona golaý bosgyny kabul etdi we bosgunlar üçin 4 milliard ýewro sarp etdi, daşardan bolsa diňe 250 million ýewro kömek aldy. Türkiýäniň bosgunlar meselesindäki tutumyna sarpa goýmalydyrys. Türkiýede bosgunlara “ myhman” diýýärler we bu söz Türkiýäniň myhmansöýerliginiň görkezijisi” diýendigini ýatladýar.


“Haber Türk” gazeti “Energetika pudagynda hyzmatdaşlyk” söz başyly habarynda daşary ýurtly firmalaryň Türkiýäniň tebigy gaz pudagy bilen ýakyndan gyzyklanýandygyny habar berýär.
Gazet Bütindünýä bankynyň çäginde iş alyp barýan hususy YFJ firmasynyň Gama energetika firmasy bilen şäriklik şertnamasyny baglaşandygyny nygtaýar.
Gazet YFJ firmasynyň Gama energetika firmasynyň 30 göterimini satyn alandygyny ýatladýar.


“Sabah” gazeti “Glenn Meade Türkiýä geldi” söz başyly habarynda TÜÝAP kytap ýarmarkasynyň şu ýylky hormatly myhmanlaryndan biri hökmünde İrlandiýaly ýazyjy Glenn Meadenyň Türkiýä gelendigini ýazýar.
Gazet “Sakkanyň gumlary” we “Soňky şaýat” ýaly romanlary bilen ýakyndan tanalýan ýazyjynyň şu gün okyjylary bilen duşuşjakdygyny belleýär.


“Ýeni Şafak” gazeti “Mersinde tsitrus festiwaly” söz başyly habarynda Mersin şäherinde geçirilýän Halkara tsitrus festiwaly üçin görlen taýarlyklaryň tamamlanandygyny ýazýar.
Gazet 5-nji Halkara Mersin tsitrus festiwalynyň noýabr aýynyň 15-16-sy aralygynda geçiriljekdigini nygtaýar.

 

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar