Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 20.10.2014.

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

163708
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 20.10.2014.


“Star” gazeti “Türkiýe NATO türgenleşigine ýer eýeçiligini eder” söz başyly habarynda Türkiýaniň ýer eýeçiliginde NATO agza 12 ýurduň gatnaşmagynda harby türgenleşigiň geçiriljekdigini ýazýar.
Gazet oktýabr aýynyň 20-24-i aralygynda geçirilmegi meýilleşdirilýän türgenleşige Azerbaýjanyň, Makedoniýanyň, Bosniýa-Gersogowinanyň, Serbiýanyň, Gazagystanyň, Garadagyň, Maldowanyň, İordaniýanyň, Ukrainanyň, Moritaniýanyň, Alžiriň we Pakistanyň gatnaşjakdygyny belleýär.
Gazet türgenleşigiň NATO agza ýurtlaryň harby ukuplarynyň ösdürilmegini maksat edinýändigini ýatladýar.


“Akşam” gazeti Türkiýäniň BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşine wagtlaýyn agzalyk üçin geçirlen sese goýulşygyň 3-nji tapgyrynda ýeterlik ses alyp bilmändigine garamazdan halkara derejesinde “parahatçylyk, ynsanperwer kömek we töwellaçylyk” tagallalaryndan ýüz öwürmejekdigini habar berýär.
Gazet Türkiýäniň üstümizdäki ýylyň 1-nji dekabrynda G-20 degişli ýurtlaryň döwürleýin ýolbaşçylygyny kabul edip aljakdygyny we şol çäkde ykdysadyýetiň galkynyşy we parahatçylyk üçin halkara derejesinde tagalla etjekdigini okyjylarynyň dykgatyna ýetirýär.


“Watan” gazeti “Ýewraziýa tuneliniň 3/1 gölegi gazyldy” söz başyly habarynda Aziýa bilen Ýewropany ilkinji gezek deňiziň aşagyndan gara ýoly arkaly birleşdirjek Ýewraziýa tuneli taslamasynyň gurluşygynyň güýçli depginde dowam edýändigini ýazýar.
Gazet tuneliň Bosfor bogazynyň aşagyndan geçýän böleginiň gurluşygynyň 35 göteriminiň tamamlanandygyny we 2 müň 160 metrlik böleginiň galandygyny nygtaýar


“Sabah” gazeti “AFAD” möhüm beýanat berdi” söz başyly habarynda Premýer ministrliginiň ýanyndaky Tebigy apatlar we gyssagly ýagdaýlar edarasynyň başlygy Fuat Oktaýyň beren beýanatyna ýer berýär.
Gazet Tebigy apatlar we gyssagly ýagdaýlar edarasynyň başlygy Fuat Oktaýyň “Türkiýaniň serhetdeş goňşysy Siriýada içerki urşuň dowam edýär we daşary ýurtlardan guralyp bilinjek ähli hüjümlere garşy çäre görüldi” diýen sözlerine ünsi çekýär.
Gazet Fuat Oktaýyň “Tebigy apatlar we gyssagly ýagdaýlar edarasy hökmünde dinine, diline, milletine we messebine garamazdan Türkiýä gelen ähli bosgunlara kömek bermäge dowam ederis” diýen sözlerini ýatladýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar