Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 07.10.2014

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

150243
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 07.10.2014

“Ýeni Şafak” gazeti “Türkiýe serhede tankdan diwar ördi” söz başyly habarynda, terror guramasy YDYD guramasy bilen käbir toparlaryň arasyndaky çaknyşyklaryň Kobaniniň şäher merkezinde möwjeýändigini, çaknyşyklaryň Türkiýäniň Şanlyurfa welaýatynyň Suruç etrabyndaky serhetýaka zolagyndan görünýändigini, türk ýaragly güýçleriniň bolsa belent depelere tanklary ornaşdyrandygyny ýazýar.
“Milliýet” gazeti “Ýylmaz: Türkiýä haýsydyr bir hüjüm ediläýse…” söz başyly habarynda, milli goranmak ministri İsmet Ýylmazyň “Siriýa bilen bagly wakalar başlan möhletinden başlap biz NATO-dan ähtimallyklar boýunça meýilnamalaryň taýarlanmagyny isledik we NATO dürli alternatiwleri göz öňünde tutup, meýilnama taýarlady. Türkiýä haýsydyr bir hüjüm guralan halatynda NATO Waşington şertnamasynyň 5-nji maddasynyň hökümini berjaý eder” diýdi.
“Akşam” gazeti “Dünýä belli marka Demirgazyk Kipre goýlan embargony böwüsdi” söz başyly habarynda, moda dünýäsiniň belli firmalaryndan “Jerrutiniň” bütin dünýä göz görkezip, Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynda dükan açandygyny mälim edýär. Gazet halkara syýasatlar sebäpli Türkiýeden başga ýurtlar tarapyndan ykrar edilmeýän we şol sebäpli global markalardan mahrum galan DKTR-na fransuzlaryň dünýä meşhur lýuks markasy “Jerruti 1881-iň” açan dükany bilen hamala diýersiňiz dünýä göz görkezendigini ýazýar.
“Sabah” gazeti “Türkiýäniň zir-zibili hazyna gymmatynda” söz başyly habarynda, 250 müňden gowrak öýüň ýyladyş we elektrik togy üpjünçiligini zir-zibilleri ýangynç hökmünde peýdalanmak arkaly ýola goýan Şwesiýanyň, Norwegiýadan ýylda 80 müň tonna zir-zibil eksport etmäge başlamagy bilen bütin dünýäniň ünsüni çekendigini nygtaýar. Gazet nagt ýetmezçiliginiň 71 göterimi energiýa importy sebäpli emele gelýän Türkiýede bolsa häkimlikleriň ýylda 30 million tonna zir-zibil ýygnaýandygyny mälim edýär. Hüňärmenleriň gaty zir-zibilleriň gaýtadan işlenmegi netijesinde energetikada daşary ýurtlara garaşlylygyň azaldylyp bilinjekdigini öňe sürýär.
“Radikal” gazetiniň internet saýtynda: “Araplar Gara deňize dynç alyş obalaryny gurmakçy” söz başyly habarynda, Saud Arabystanyndan gelen toparyň Samsun welaýatynyň Aýwajyk etrabynda 40 gekdar ýer satyn alandygyny, etrabyň iň belent ýerlerinden birinden alynan ýere dynç alyş obasynyň guruljakdygyny mälim edýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar