Türk metbugatynyn gysgaça mazmuny 16.09.2014

127889
Türk metbugatynyn gysgaça mazmuny 16.09.2014

“Star” gazeti “Gerek bolan halatynda gatnaşygy keseris” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Katara guran 2 günlük saparyny tamamlap Türkiýä dolanyp gelendigini ýazýar. Gazet uçarda žurnalistleriň soraglaryna jogap beren Erdoganyň halkara kredit derejelendiriş guramalary baradaky analiz berendigine ünsleri çekýär. Habarda Erdoganyň “Türkiýe baradaky seljermeler tehniki däl, syýasy. Biz olaryň garaýyşlary bilen üstünlik gazanmadyk. Eger şeýle çemeleşmäge dowam eden halatlarynda hökümete olar bilen gatnaşygy kesmegi maslahat bererin” diýen sözleri ýerleşdirilýär.
“Milliýet” gazeti “700 futbol meýdançasynyň ululygynda” söz başyly habarynda, Konýa welaýatynyň Eregli etrabynda 1,5 million düýp bagly, 700 futbol meýdançasynyň ululygyna barabar alma bagynyň Ýewropanyň bitewi görnüşdäki iň uly miwe baglaryndan biridigine ünsleri çekýär. Gazet 1999-njy ýylda açylan bagdan alynýan 20 tonna almanyň hem içerki bazara hem-de daşary ýurtlara satylýandygyny ýazýan gazet, 1,5 million düýp agaçdan ybarat bolan alma bagynyň üssüniň gün, doly we ýel ýaly tebigy apatlardan goramak üçin tor bilen ýapylandygyny ýazýar.
“Ýeni Şafak” gazeti “Türkiýede möhüm başlangyç” söz başyly habarynda, saglygy saklaýyş ministrliginiň daşary ýurtlardan import edilýän we maddy taýdan gymmat bolan rak we antibiotik ýaly dermanlaryň Türkiýede öndürilmegi üçin işe girişendigini mälim edýär. Habarda saglygy saklaýyş ministriniň orunbasary Eýüp Gümüşiň Türkiýäniň medisina enjamlarynda we dermanda daşary ýurtlara garaşlylykdan halas edilmelidigini nygtap, açyljak Türkiýe saglyk institutlary edarasyna degişli Biotehnologiýa institutynda derman öndürmek üçin iş alynyp baryljakdygyny aýdandygy okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirilýär.
“Watan” gazeti “ABŞ siriýaly bosgunlar üçin kömek berer” söz başyly habarynda, ABŞ-nyň Siriýa goňşy ýurtlara bosgunlar üçin goşmaça kömek berjekdigini mälim edip, onuň 47,7 million dollarynyň Türkiýä ugradyljakdygyny mälim edendigini nygtaýar. ABŞ-nyň İordaniýadaky ilçihanasyndan berilen beýanatda siriýaly bosgunlaryň bolýan ýurtlaryndan Liwana 103,8, İordaniýa 56,7, Yraga 29,7 we Müsüre 15 million dollar jemi 250 million goşmaça kömek beriljekdigi halk köpçüliginiň dykgatyna ýetirildi.
“Sabah” gazet “Rekordmen” söz başyly habarynda, dünýä meşhur megastar Tarkanyň Harbiýedäki açyk konsertler tapgyryny rekord bilen tamamlandygyny ýazýar. Habarda 9 agşamda 65 müň adamyň öňünde konsert beren megastaryň 8 million lira gazanandygy mälim edilýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar