Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 06.09.014

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gazetlerde giňişleýin ýer alýar

115747
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 06.09.014


“Star” gazeti “Amerikan senadyna gyssagly Türkiýe çagyryşy” söz başyly habarynda ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň metbugat geňeşçisi Marie Harfyň Senada möhüm çagyryş berendigini ýazýar.
Gazet ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň metbugat geňeşçisi Marie Harfyň ABŞ-nyň Türkiýedäki adatdan daşary we Doly ygtyýarly baş ilçiligine dalaşgärlige hödürlenen Jon Bass bilen birlikde beýleki ýurtlara gitjek baş ilçiler hakyndaky kararyň gyssagly tasyklanmagy çagyryşyny berendigini belleýär.
Gazet Harfyň “Türkiýe ýaly ýurtlarda baş ilçilere mätäçligiz bar, çünki ýokary derejeli wekile eýe bolmak diýseň möhüm” diýen sözlerini ýatladýar.


“Sabah” gazeti Prezident R. T. Erdoganyň NATO-nyň maslahatynyň çäginde Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel bilen diňleme meselesi barasynda pikir alyşandygyny okyjylarynyň dykgatyna ýetirýär.
Gazet Erdoganyň esasan hem Nemes merkezi razwetka gullugynyň Türkiýäni diňländigi hakyndaky habarlar barada Merkelden maglumat sorandygyny nygtaýar.
Habarda Türkiýäniň näme sebäpli diňlenendigini soran Erdoganyň şuňa meňzeş işleriň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklara zeper ýetirýändigine aýratyn ünsi çekendigi bellenildi.


“Ýeni Şafak” gazeti ABŞ bilen Russiýanyň arasynda dartgynlyga sebäp bolan Ukraina krizisiniň global çaknyşyga öwrülmegiň bäri ýanyna çenli gelendigini habar berýär.
Gazet Gallerde 60 ýurduň wekiliniň gatnaşmagynda geçirlen NATO-nyň maslahatynda Russiýanyň lideri Putine garşy “gyssagly güýjüň” döredilmegi kararynyň kabul edilendigini ýazýar.Habarda Kremliň NATO harby türgenleşik geçirmek bilen jogap berendigi, Ýewropada Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň bolsa “Russiýa bolmazdan mesele çözülip bilinmez” diýendigi nygtalýar.

“Sabah” gazeti “Dünýäde iň köp ýaşan türk” söz başyly habarynda şu günki güne çenli geçirlen barlaglaryň iň köp ýaşan adamyň doly 253 ýyl ömür sürendigini görkeýändigini okyjylarynyň dykgatyna ýetirýär.
Gazet iň köp ýaşanlardan biri hökmünde bilinýän bir adamyň hem Anadolyda ýaşap geçendigini ýatladýar.
Gazet Zaro Aga atly adamyň 1777-nji ýylda Bitlis welaýatynyň Mutki etrabynyň Meýdan obasynda doglandygyny we 1934-nji ýylda Stambulda ýogalandygyny ýazýar.
Gazet Zaro aganyň gubyrynyň Stambulda Eýüp gonamçylygynda ýerleşýändigini nygtaýar.


“Haber Türk” gazeti “Papa Françesko Türkiýä sapar gurar” söz başyly habarynda katolik dünýäsiniň ruhany lideri Papa Françeskonyň Stambuldaky Fener Grek patriarhlygynyň açylan gününe bagyşlanan dabaralara gatnaşmak üçin 30-njy awgustda Türkiýä geljekdigini habar berýär.
Gazet täze papanyň şeýlelikde Türkiýä ilkinji saparyny gurajakdygyny we ilki Ankarada Prezident R. T. Erdogan bilen duşuşmagyna garaşylýandygyny belleýär.
Gazet Papanyň Stambulda geçiriljek dabaralardan soň Siriýalylaryň bolýan bosgun düşelgelerine hem baryp görjekdigini ýatladýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar