Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 04.09.2014

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

113610
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 04.09.2014

“Watan” gazeti Prezident R.T.Erdoganyň Azerbaýjana guran sapary barada ýazýar. Gazet Azerbaýjanyň Lideri İlham Aliýewiň Erdogany kakasynyň adyny göterýän “Haýdar Aliýew abraý nyşany” ordeni bilen sylaglandygyny mälim edýär. Habarda Prezident Erdoganyň bolsa “İki döwlet bir millet. Kakaňdan galan miras bu, unutma” diýen sözlerini çap edýär.
“Ýeni Şafak” gazeti Azerbaýjanda sapar bolan Prezident Erdoganyň Daglyk Garabag meselesini NATO-nyň Gallerdäki maslahatynda gün tertibine getirjekdigini aýdandygyna ünsleri çekýär. Gazet Erdoganyň Türkiýe-Ermenistan meselesiniň çözgüt şerini beýan edendigine-de ünsleri çekýär. Habarda Erdoganyň “Azerbaýjan-Ermenistan meselesi çözülen halatynda, Türkiýe-Ermenistan meselesi hem çözüler. Berilen sözlede durulmaly. Bu hukukdyr. Bu meselede erjelligimiz dowam eder” diýen sözleri okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirilýär.
“Star” gazeti Azerbaýjanyň tebigy gazyny Türkiýäniň üstaşyr Ýewropanyň serhedine çenli ýetirjek Trans Anadoly turba geçirijisi TANAP-y özünde birikdirýän Günorta Kawkaz Gaz Koridorynyň gurluşygyna 20-nji sentýabrda badalga beriljekdigini belleýär. Gazet Azerbaýjanyň Prezidenti İlham Aliýew bilen geçiren bilelikdäki metbugat ýygnagynda çykyş eden Prezident Erdoganyň, taslama barasynda “taslamanyň depgini güýçlener” diýen sözlerini ýerleşdirýär.
“Sabah”gazeti “Haýdar Aliýewiň gubyryny we şehitligi zyýarat etdi” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Azerbaýjanyň paýtagty Bakuwdaky saparyny zyýaratlar bilen tamamlandygyny mälim edýär. Gazet Azerbaýjanyň ilkinji prezidenti Haýdar Aliýewiň gubyryny zyýarat eden Erdoganyň, Aliýewler maşgalasynyň gonamçylygyna-da gül desselerini goýandygyny ýazýar. Habarda Prezident Erdoganyň soň Türk şehitligini zyýarat edendigini we NATO-nyň maslahatyna gatnaşmak üçin Gallere gidendigi nygtalýar.
“Hürriýet” gazeti “Gazanyň serhedinde hereket” söz başyly habarynda Ysraýylyň harby goşunyna degişli sowutly ulaglaryň Refah gümrük geçelgesindäki An Nahda etrapçasyndan 100 metr içeri girendigini mälim edýär. Gazet sowutly ulaglaryň we buldozerleriň serhetden içeri girendigini, uçarlaryň bolsa gözegçilik uçuşyny amala aşyrandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
“Sabah” gazeti “Ebola 10 müň adama ýokaşyp biler” söz başyly habarynda, ebola wirusynyň ýaýrama tizligine esaslanyp çaklama berýän alymlaryň sentýabr aýynda öldüriji wirusdan zyýan çekenleriň sanynyň 10 müň adama ýetip biljekdigini aýdandygyna ünsleri çekýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar