Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 01.09.2014

Gündelik gazetler dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler

110602
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 01.09.2014

“Star” gazeti Prezident R.T.Erdoganyň Harby deňiz mekdebinden 114, Harby howa mekdebinden bolsa 194 uçurymyň diplom gowşurlyş dabarasyna gatnaşandygyny ýazýar. Gazet Prezident Erdoganyň okuwy birinjilik bilen tamamlanlaryň diplomlaryny gowşurandygyny mälim edýär.
“Akşam” gazeti Premýer ministr Ahmet Dawutoglynyň Stambulda gurluşygy dowam edýän taslamalar bilen tanyş bolandygyny habar berýär. Gazet Dawutoglynyň Premýer ministr hökmünde ilkinji gezek Stambula gelip, dik uçar bilen gurluşygy dowam edýän taslamalar bilen ýakyndan tanyş bolandygyny nygtaýar. Habarda Premýer ministr Ahmet Dawutoglynyň özüne ýoldaşlyk eden Stambulyň gubernatory Kadir Topbaşdan esasanda üçünji bogaz köprüsi we üçünji howa menziliniň taslmasynda ýetilen sepgit barada maglumat alandygyna üns çekilýär.
“Ýeni Şafak” gazeti Stambulyň Kazlyçeşme we Göztepe etraplarynyň arasyndaky ýoly 15 minuda düşürjek Ýewraziýa tuneliniň tamamlanmagyna 2,5 kilometriň galandygyny mälim edýär. Gazet ýer titremesi we sunami ýaly apatlara çydamly boljak tuneliň, Stambul bogazynyň düýbünden 25 metr aşakda 850 metr uzynlyga ýetendigini habar berýär.
“Sabah” gazetiniň ykdysadyýet sahypasynda ýerleşdirilen habarda Antalýa welaýatynda ýylyň 7 aýynda 16 sany ýokary amatlykly ýahtanyň ulanmaga berilendigini ýazýar. Gazet Antalýanyň Erkin zolak dolandyryjysy jemagat hojalygynyň baş müdiri Zeki Gürsesiň 50 metrden uzyn ýahta isleginiň artýandygyny aýdandygyna ünsleri çekýär. Gazet ýanwar-iýul aýlarynyň arasynda gurlan 16 ýahtanyň eýelerine gowşurylandygy aýdan Gürsesiň, ýylyň ahyryna çenli ulanmaga beriljek ýahtalaryň sanynyň 40-a ýetjekdigini nygtandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
“Haber Türk” gazeti “Aýsbergler eremeýär, ulalýar” söz başyly habarynda, amerikaly alymlaryň global ýylylyk sebäpli aýsbergleriň eremeýändigini, tersine giňeýändigini älem giňişliginden alynan fotosuratlar bilen delillendirendiklerini ýazýar.
“Hürriýet” gazeti “İň gowy türk filmi “suwsyz tomus” söz başyly habarynda, medeniýet we syýahatçylyk ministrligi tarapyndan türk kinosynyň 100 ýyllygy mynasybetli geçirilen “İň çeper 100 türk filmi” bäsleşiginiň netijelsini yglan edendigini okyjy köpçüligine mälim edýär. Gazet netijä görä Türkiýä ilkinji halkara baýragyny getiren “Suwsyz tomus” filminiň birinji ýeri eýeländigine ünsleri çekýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar