Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 04.08.2014

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

79083
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 04.08.2014

“Ýeni Şafak” “Hoşlaşyk däl, täze başlangyç” söz başyly habarynda prezidentlige dalaş edýän Premýer ministr R.T.Erdoganyň Stambulda premýer ministr hökmünde geçiren soňky mitinginde millionlarça raýatyň öňünde çykyş edendigini ýazýar. Gazet döwlet senasy bilen başlan çykyşyny fatiha süresi bilen tamamlan Erdoganyň “Enşalla 10-njy awgust täze Türkiýe üçin başlangyç bolar” diýen sözelerini çap edýär. Habarda Erdoganyň munuň hoşlaşyk däl, eýsem güýji ýetdiginden hyzmat etmäge dowam etjekdigini aýdandygy nygtalýar.
“Ýeni Şafak” gazeti “Ellerim gaýtadan ulalarmy” söz başyly habarynda Ysraýylyň hüjümlerinde her sagatda bir çaganyň ýogalýan ýeri bolan Gaza şäherinde ýüzlerçe çaganyň bedenleriniň agzalarynyň ýitirendiklerini ýazýar. Gazet gollaryny we aýaklaryny aldyran çagalaryň kynçylyklarynyň başdan geçirýän trawmalaryny we puja çykan arzuw-hyýallaryny aç-açan görkezýändigine ünsleri çekýär.
“Haber Türk” gazeti “Bazara wakum bombasy” söz başyly habarynda Siriýanyň harby goşunlaryna degişli harby uçarlaryň paýtagt Damaskyň gündogarynda ýerleşýän Duma we Kafr Batna etraplaryndaky bazarlara wakum bombasyny taşlamagy netijesinde 44 adamyň ýogalandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Onlarça adamyň ýaralanandygyny ýazýan gazet, ýaralananlaryň golaýdaky göçme hassahanalara alynyp gidilendigini, köpüsiniň ýagdaýynyň agyrdygyny nygtaýar.
“Milliýet” gazeti “Ölüm guraly Erbola durmaýar” söz başyly habarynda erbola wirusy sebäpli çykýan ýaranyň Günbatar Afrikada 700-den gowrak adamyň ýogalmagyna sdebäp bolandygyna ünsleri çekýär. Habarda Bütindünýä saglygy saklaýyş guramasynyň ähli tagallalaryna garamazdan epidemiýanyň gözegçilik astyna alynyp bilinmändigi mälim edilýär.
“Sabah” gazeti “Nissanyň” hereketlendiriji Bursada öndüriler” söz başyly habarynda “Oýak Renault” firmasy bilen birlikde ýapyn awtomobil markasy “Nissan” we “Daçiýa” üçin hereketlendiriji öndürilýändigini ýazýar. Habarda 2013-nji ýylda 274 müň hereketlendiriji öndüren “Oýak Renauldyň” ýyllyk önümçilik mümkinçiliginiň 450 müňdigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar