Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 03.08.2014

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

78111
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 03.08.2014

“Haber Türk” gazeti “Gazada ýogalanlaryň sany 1700-e ýetdi” söz başyly habarynda Ysraýylyň 7-nji iýulda başladan hüjümlerinde ýogalan plestinalylaryň sanynyň 1700 adama ýetendigini nygtaýar. Habarda düýn bolsa Gaza uniwersitetiniň bombalananandygyny ýazýar. Gazet Palestinada ölenleriň sanynyň günsaýyn artýandygyny, Ysraýylda fanatikleriň “gyrgynçylyk” islegleriniň üstüne ýene-de biriniň goşulandygyna ünsleri çekýär. Gazet Ysraýylyň dünýäde iň köp okalýan syýasy gazetlerinden biri bolan “Times of İsrael” gazetiniň internet saýtynda 2 gün mundan ozal çap edilen makalada “Aýallar, çagalar bilen birlikde ähli palestinalylaryň ýok edilmegi legal” diýilýändigini ýazýar.
“Akşam” gazeti “Adamkärçilik duýgusy buza öwrüldi” söz başyly habarynda dereksiz ýiten esgerini bahana edip, ylalaşygy bozan Ysraýylyň 48 sagadyn dowamynda 110 palestinalyny öldürendigini mälim edýär. Gazet morglarda ýer bolmandygy sebäpli çagalaryň jesetleriň sowadyjylara goýlandygyna ünsleri çekýär.
“Sabah” gazeti “Azerbaýjan serhedinde dartgynlyk dowam edýär” söz başyly habarynda Azerbaýjan-Ermenistan serhedinde mundan 5 gün ozal başlan çaknyşyklaryň düýn hem dowam edendigini nygtaýar. Gazet Daglyk Garabag sebitinde ýene-de 4 azeri esgeriniň şehit bolandygynyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
“Watan” gazetiniň ykdysadyýet sahypasynda çap edilen “Awtomobil eksporty 7 aýda 14 milliard dollara ýetdi” söz başyly habarynda Ýewropa bazarynda depgini ýokarlamaga başlan awtomobil pudagynyň ýylyň ýedi aýynda 9,7 göterim artyş bien 13,8 milliad dollara golaý eksport edendigini ýazýar. Gazet awtomobil pudagynyň geçen ýylyň iýul aýynda 1,95 milliard dollard bolan eksporyny üstümizdäki ýylyň şol döwründe 2,1 milliard dollara ýetirendigine ünsleri çekýär.
“Star” gazeti “Syýahatçylyk pudagynda ilkinji bäşlikde” söz başyly habarynda Türkiýäniň Syýahat gulluklary bileleşiginiň başlygy Başaran Ulusoýyň Kastamony gubernatorylygyna guran saparynda beren beýanatyny okyjylarynyň dykgatyna ýetirýär. Gazet Ulusoýyň Türkiýäniň syýahatçylyk pudagynda birinji bäşlikde orun alýandygyny aýdandygyny ýazýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar